GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ «ÖMRÜMIŇ MANYSYNYŇ DOWAMATY» ATLY KITABYNDAN

Mäne baba baradaky ygtybarly maglumatlar, esasan, onuň ömri-durmuşy hakda Muhammet Münewwer tarapyndan ýazylan «Esraryt-Towhyt» atly kitapda jemlenipdir. Onda getirilýän maglumatlara görä, Mäne baba öz çagalygy barada şeýle ýatlar eken:

«Oglankak, Allanyň Gurhanyny öwrenip ýören döwrümiz, kakam Abul Haýyr meni juma namazyna äkidýärdi. Bir gün metjide barýarkak, ýolda bize Abulkasym Bişr Ýasyn sataşdy. Ol hem biz bilen ugurdaş namaza barýan eken. Abulkasym Bişr öz döwrüniň iň tanymal alymlaryndan we beýik pirlerinden biridi. Özi-de Mänede ýaşaýardy. Ol bizi görende, kakamdan: «Eý, Abul Haýyr, bu oglan kimiň ogly?» diýip sorady. Kakam: «Biziňki» diýip jogap berdi. Kakam şeýle diýenden, ol ýanymyza gelip, dyza çökdi-de, ýüzüni ýüzüme öwürdi. Onuň gözleriniň owasy ýaşdan doludy. Soňra ol şeýle diýdi: «Biz welaýat boşap galar diýip howpurgap, bu jahandan gidip bilmeýärdik, derwüşleriň ýollaryny urduraryndan gorkýardyk. Bu gün seniň perzendiňe gözüm düşenden, welilik makamynyň (derejesiniň) bu oglanyň nesibesi boljakdygyna doly ynandym». Soňra ol kakama: «Namazdan çykanymyzdan soň, muny meniň ýanyma alyp gel» diýdi. Namazdan çykanymyzdan soň, kakam meni Abulkasym Bişr Ýasynyň ýanyna alyp bardy. Biz hüjrä girip, onuň ýanynda oturdyk. Hüjräniň ýokary başragynda bir tekje bardy. Abylkasym Bişr Ýasyn kakama: «Abu Seýidi egniňe mündür, goý, ol tekjedäki külçäni alsyn» diýdi. Kakam meni ýokary galdyrdy, men elimi uzadyp, tekjedäki külçäni aldym. Arpa unundan bişirilen külçe, meniň duýşuma görä, ýyp-ýyljakdy. Abulkasym Bişr Ýasyn ony menden alanda, gözleri ýaşdan doldy. Ol külçäni ikä bölüp: «Iý!» diýip, ýarysyny maňa uzatdy, beýleki bölegini özi iýdi, ýöne kakama hiç zat ýetmedi. Kakam şonda: «Eý, pir, bu mukaddes zatdan meniň nesibämiň bolmazlygy nämedenkä?» diýende, Abulkasym Bişr Ýasyn şeýle diýdi: «Eý, Abul Haýyr, bu külçäniň şol tekjede goýlanyna otuz ýyl boldy. Bize wada berenlerinde: «Jahana täzeden jan berjek ynsan şol külçä elini degrende, külçe ýylar» diýip ynandyrypdylar. Indi hem, edil şu wagtky görşüňiz ýaly, ol gürrüň hakykata öwrüldi. Jahana täzeden jan berjegiň seniň ogluň boljakdygyny saňa buşlaýaryn».

Gurhany doly çykandan soň, Abu Seýit Abul-Haýyr kakasynyň tabşyrygy boýunça edebiň, ýagny edep-edebiýat ylmyny öwredýän ussadyň ýanyna gidýär. Kakasy Abu Seýit Abul Haýyra: «Mübärek bolsun!» diýip, ak pata berip: «Meniň şu sözlerimi hiç wagt ýatdan çykarmagyn: «Ýer ýüzüniň malu-mülki seniňki bolandan, bir göz açyp-ýumasy salym Hak ýolunda bolsaň haýyrlydyr» diýip wesýet edýär.

Abu Seýit Abul Haýyr ömrüniň soňuna çenli onuň bu nesihatyny tutýar. Mundan soň kakasy ony hoja ymam Abu Sagyt Annazynyň ýanyna alyp barýar. Ol döwrüniň ymamy, müftüsi we edibi eken. Onuň ýanynda birnäçe wagt bolýar. Şol aralykda Abulkasym Bişr Ýasynyň ýanyna hem gatnap, ondan sopuçylygyň inçe syrlaryny öwrenýär. Abulkasym Bişr Ýasyn 990-njy ýylda Mänede ýogalýar. Abu Seýit Abul Haýyr bu ýerdäki gonamçylyga baranda, ilki şonuň mazaryna zyýarat eder eken.

Meňzeş habarlar

18 Sentýabr 2025 | 230 okalan

KEŞDEÇILIK SUNGATY: MILLI MIRASYŇ BEZEGI

17 Sentýabr 2025 | 338 okalan

MEDENI MIRAS – HALKYŇ RUHY BAÝLYGY