HALK MASLAHATY DÖWLETLI TUTUMLARYŇ BINÝADY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz we hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli ulgamlarynda giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Döwlet syýasaty halkyň abadan durmuşyny, demokratik gymmatlyklaryň pugtalandyrylmagyny, şeýle-de ýokary wekilçilikli edaralaryň netijeli işini üpjün etmegi maksat edinýär. Halk Maslahaty häzirki wagtda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda hereket edýän ýokary wekilçilikli edara bolup, Watanymyzyň demokratik ýörelgelere ygrarlylygyny alamatlandyrýar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň esasy maksady döwlet ähmiýetli meseleleri çözmek, halkymyzyň jebisligini we abadançylygyny pugtalandyrmak hem-de döwletimiziň ösüşine ýardam etmekden ybaratdyr.

2025-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda paýtagtymyzyň Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirilen umumymilli forumda halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşyny üpjün etmek, döwletimiziň durmuş-ykdysady ösüşini has-da pugtalandyrmak boýunça möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde kabul edilen çözgütler we öňe sürlen teklipler halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Bu taryhy mejlisde ýurdumyzyň ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge, durnukly ösüşe, ulag we energetika ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen garaýyşlar hem beýan edildi.

Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hyzmatdaşlygy we özara düşünişmegi pugtalandyrmaga gönükdirilen çäreleriň meýilleşdirilendigi, şeýle hem 12-nji dekabrda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ýokary derejeli forumynyň geçiriljekdigi bellenildi.

Halkymyzyň asuda, abadan, bolelin durmuşda ýaşamagy, ýaşlarymyzyň okamagy, öwrenmegi, döretmegi ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan döwletli işleri elmydama rowaçlyga beslensin.

Muhammetmyrat BÄŞGULYÝEW,

Türkmenistanyñ Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyñ

Aşgabat şäher Geňeşiniň başlygynyñ wezipesini ýerine ýetirijisi.

Öňki makala

ABU ALY IBN SINA

Meňzeş habarlar

25 Sentýabr 2025 | 35 okalan

HALK MASLAHATY DÖWLETLI TUTUMLARYŇ BINÝADY

23 Sentýabr 2025 | 123 okalan

ABU ALY IBN SINA