Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Magtymguly etrap Geňeşiniň guramagynda Magtymguly etrabyň 19-njy orta mekdebinde Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk toýy mynasybetli «Garaşsyzlyk – milli buýsanjymyzdyr» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda okuwçylara Garaşsyzlyk ýyllary içinde ata Watanymyzyň ýeten belent sepgitleri, gazanan üstünlikleri, ýurdumyzyň halkara abraýynyň belende göterilmegi hem-de häzirki wagtda biziň ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň ylymly, bilimli giň dünýägaraýyşly, maksada okgunly edip ýetişdirmek babatynda ýurdumyzda uly göwrümli alnyp barylýan işler dogrusynda giňişleýin gürrüň berildi.
Wagyz-nesihat duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlarymyzyň okamagy, öwrenmegi, ylymly-bilimli adamlar bolup ýetişmekleri üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş we hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Humaý ANNAGYLYJOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Balkan welaýatynyň Magtymguly etrap Geňeşiniň
sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.