HALK WE WATAN JEBISLIGI

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Çärjew etrap Geňeşiniň, etrabyň 35015 harby bölüminiň, etrap polisiýa bölüminiň bilelikde guramagynda 35015 harby bölüminiň maslahatlar zalynda harby gullukçylaryň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde öňe sürlen teklipleriň we kabul edilen çözgütleriň ähmiýetini ýaşlara wagyz etmek maksady bilen «Halk we Watan jebisligi» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Çäräniň dowamynda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn, zähmetsöýer, Watana wepaly ýaşlar bolup ýetişmekleri ugrunda, şeýle-de harby gulluk borjuny üstünlikli berjaý edýän harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän giň gerimli işler dogrusynda gürrüň berdiler.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmen halkynyň abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Wepa ATAKULYÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Lebap welaýatynyň Çärjew etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

17 Oktýabr 2025 | 17 okalan

EDEPLI ILE ÝARAR

14 Oktýabr 2025 | 73 okalan

WASPY DÜNÝÄNI JADYLAN, TÜRKMEN ALABAÝY