WATANYMYZYŇ SPORT ULGAMY ULY ÖSÜŞLERE EÝE BOLÝAR

Golaýda Lebap welaýatynyň Bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher Geňeşiniň wekilleriniň, Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlarynyň hem-de ýaş türgenleriň gatnaşmagynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 34 ýyllygy mynasybetli ‹‹Garaşsyz Watanyň sport ulgamy uly ösüşe eýe›ady bilen maslahat duşuşygy geçirildi.

Çäräniň dowamynda çykyş edenler Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramyna türkmen halkynyň zähmet üstünlikleri bilen barýandygyny, ýurdumyzyň özygtyýarly ösüşiniň her bir gününiň taryhy ähmiýetli syýasy, ykdysady, medeni wakalara beslenýändigini, türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan öňe sürlen «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgä laýyklykda, döwletimizde durmuşa geçirilýän özgertmeler türkmen halkynyň parahat we abadan durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilendigini uly buýsanç bilen nygtap geçdiler.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, ylym öwrenmegi, saýlap alan hünärleriniň mynasyp eýeleri bolmagy ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Laçyn AKYÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

17 Oktýabr 2025 | 34 okalan

EDEPLI ILE ÝARAR

14 Oktýabr 2025 | 86 okalan

WASPY DÜNÝÄNI JADYLAN, TÜRKMEN ALABAÝY