TEBIGATA SÖÝGI — WATANA SÖÝGI

Golaýda Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň Mary welaýat bölüminiň, welaýat Baş bilim müdirliginiň, welaýat medeniýet müdirliginiň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň bilelikde guramagynda Mary şäheriniň “Dag çüwdürimi” seýilgähinde welaýatyň medeniýet müdirliginiň çeperçilik mekdebiniň, şäher-etraplaryň sungat mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda “Tebigata söýgi — Watana söýgi” atly surat çekmek bäsleşigi geçirildi.

Bäsleşigiň dowamynda okuwçylar ajaýyp tebigatymyzyň, dürli ösümlikleriň hem-de haýwanlaryň suratlaryny çekip özleriniň ukyp- başarnyklaryny görkezdiler. Bäsleşikde zehini bilen tapawutlanyp ýeňiji bolan okuwçylara Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Şeýle hem, bäsleşigiň çäklerinde türkmen tebigatyny wasp edýän kitap sergisi guraldy.

Bäsleşigiň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaş nesilleriň döwrebap bilim almagy, döredijilik bilen meşgullanmagy ugrunda şert-mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Laçyn KAKAJANOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Mary welaýat Geňeşiniň Umumy bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

14 Oktýabr 2025 | 37 okalan

YHLASLY ZENAN ÖÝ-OJAGYŇ ÝYLYSY

14 Oktýabr 2025 | 82 okalan

«ÇAGA EZIZ, EDEBI ONDAN HEM EZIZ»

14 Oktýabr 2025 | 34 okalan

MEDENI MIRASYM — MÜDIMI MIRASYM