DÖWLETLILIK ÝÖRELGELERI ROWAÇLANÝAR

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň ähmiýetini ýaşlar köpçüligine giňişleýin ýetirmek maksady bilen Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň 23-nji orta mekdebiniň mejlisler zalynda «Döwletlilik ýörelgeleri rowaçlanýar» ady bilen maslahat duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda etrabyň 23-nji orta mekdebiniň müdiri, etrap halk maslahatynyň başlygy Agajan Kullaýew, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Garagum etrap Geňeşiniň baş hünärmeni Ýazmyrat Annagurbanow çykyş edip, olar öz çykyşlarynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň taryhy ähmiýeti we bu umumymilli forumdan gelip çykýan wezipeler dogrusynda durup geçdiler. Şeýle-de, olar Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagy, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň berkemegi ugrunda kabul edilen kararlardyr çözgütleriň uly ähmiýete eýedigi barada nygtadylar.  

Maslahat duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýurdumyzy ösüşleriň ak ýolundan ynamly öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

Sülgün AGAJANOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň

Garagum etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

14 Oktýabr 2025 | 38 okalan

YHLASLY ZENAN ÖÝ-OJAGYŇ ÝYLYSY

14 Oktýabr 2025 | 83 okalan

«ÇAGA EZIZ, EDEBI ONDAN HEM EZIZ»

14 Oktýabr 2025 | 36 okalan

MEDENI MIRASYM — MÜDIMI MIRASYM