Golaýda Lebap welaýatynyň Dänew etrap Medeniýet öýünde Dänew etrap häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň we syýasy partiýalarynyň bilelikde guramagynda «Garaşsyzlyk – bagtymyzyň ganaty, ýollarymyza saçyp dur ýagty!» atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi.
Oňa etrabyň ak sakgally il ýaşululary, kümüş saçly eneleri we dürli ulgamlarda zähmet çekýän öňdebaryjy ýaşlary işjeň gatnaşdylar.
Dabarada çykyş edenler mukaddes Garaşsyzlygymyzyň halkymyza beren baky bagty, hemişelik Bitarap döwletimiziň bedew batly ösüşleri, ýetilen sepgitleri dogrusynda giňişleýin söhbet etdiler. Many-mazmuny çuňňur watançylyk duýgularyna ýugrulan çykyşlaryň ählisi-de dabara gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.
Dabaranyň dowamynda medeniýet we sungat işgärleriniň mukaddes Garaşsyzlygymyzy, baky Bitaraplygymyzy wasp edip ýerine ýetiren aýdym-sazly çykyşlary oňa gatnaşyjylara ruhy lezzet paýlady.
Aýdym-sazly baýramçylyk dabarasynyň ahyrynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň gülläp ösmegi ugrunda uly tagallalary edýän, halkymyzy röwşen geljege, ýagty menzillere alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Maýa BEŞIMOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar
guramasynyň Lebap welaýatynyň Dänew etrap
Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.