DÖWLETLI DÖWRÜŇ BAGT KANUNY

Golaýda Lebap welaýatynyň Dänew etrap Medeniýet öýünde Dänew etrap häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň we syýasy partiýalarynyň bilelikde guramagynda «Döwletli döwrüň bagt kanuny» atly dabaraly maslahat geçirildi.

Dabara etrabyň hormatly il ýaşululary, kümüş saçly eneleri, dürli ulgamlarda zähmet çekýän ýaşlar işjeň gatnaşdylar. Maslahatda çykyş edenler her ýylda geçirilýän Halk Maslahatynyň mejlisinde il-ýurt bähbitli çözgütleriň kabul edilýändigi, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, netijeli zähmet çekmegi üçin amatly şertleriň döredilmegine gönükdirilýändigi barada belläp geçdiler.

Dabaraly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýurdumyzy beýik ösüşlere ýetirýän türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Hurşida MERDANOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Lebap welaýatynyň Dänew etrap Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

17 Oktýabr 2025 | 28 okalan

EDEPLI ILE ÝARAR

14 Oktýabr 2025 | 79 okalan

WASPY DÜNÝÄNI JADYLAN, TÜRKMEN ALABAÝY