HALK, WATAN JEBISLIGI!

Ýakynda Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň 29-njy orta mekdebinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Çärjew etrap Geňeşiniň, Çärjew etrap häkimliginiň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy ähmiýetini hem-de onda edilen çykyşlaryň ýaşlaryň durmuşyndaky eýeleýän wajyp ähmiýetini giňişleýin wagyz etmek maksady bilen «Halk, Watan jebisligi!» atly maslahat duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň il ýaşulylary, ak saçly eneler, etrabyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň mugallymlary, jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri gatnaşdylar.

Duşuşykda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurt baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzy ösdürmek ugrunda wajyp ähmiýetli işleriň alnyp barylýandygyny, şeýle hem ýurdumyzyň abadançylygyny, halkymyzyň eşretli we döwrebap durmuşyny üpjün etmek boýunça amala aşyrylýan işleriň netijesinde eziz Diýarymyzda uly üstünlikleriň gazanylýandygyny belläp geçdiler.

Maslahat duşuşygynyň ahyrynda çykyş edenler döredilýän giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Aýjan UMYTJANOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Lebap welaýatynyň Çärjew etrap Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

17 Oktýabr 2025 | 22 okalan

EDEPLI ILE ÝARAR

14 Oktýabr 2025 | 77 okalan

WASPY DÜNÝÄNI JADYLAN, TÜRKMEN ALABAÝY