GARAŞSYZLYK – HALKYMYZYŇ BEÝIK ÖSÜŞ ÝOLUDYR

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň, Türkmenbaşy şäher häkimliginiň we beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli «Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň medeni sport toplumynda aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi.

Onuň dowamynda baýramçylyk ruhuna laýyklykda medeniýet işgärleriniň ýerine ýetirmeginde halk döredijiligine degişli birnäçe aýdym-sazly çykyşlar ýerine ýetirildi hem-de ýaş zehinleriň ýerine ýetiren sahna oýunlary, watançylyk ruhundaky aýdymlar tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy.

Aýdym-sazly baýramçylyk çäresiniň ahyrynda Deňizçilik orta hünär okuw mekdebiniň talyplary ýurdumyzy wasp edip, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanyna Alkyşnama çykyşlaryny ýerine ýetirdiler. Çärä gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş sözlerini aýtdylar.

Maýagül GARAJAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň

Sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar