SAGLYGYM BAŞ BAÝLYGYM

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Magtymguly etrap Geňeşiniň, etrap bilim bölüminiň, etrap bedenterbiýe we sport mekdebiniň bilelikde guramagynda Magtymguly etrabynyň sport mekdebiniň ýaş türgenleriniň arasynda etrabyň birinjiligini almaklyk ugrunda sportuň woleýbol görnüşi boýunça sport ýaryşy geçirildi.

Ýaşlaryň sportuň dürli görnüşlerine bolan höwesini artdyrmak, olaryň saglygyny berkitmek maksady bilen geçirilen bu ýaryş diýseň çekeleşikli we gyzykly häsiýete eýe bolup, oňa gatnaşan ýaş türgenler özleriniň ukyp başarnyklaryny açyp görkezdiler.

Ýeňiji bolan türgenlere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Magtymguly etrap Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Humaý ANNAGYLYJOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Balkan welaýatynyň Magtymguly etrap Geňeşiniň

sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

13 Oktýabr 2025 | 15 okalan

IL SAGLYGY – ÝURT BAÝLYGY

13 Oktýabr 2025 | 14 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

10 Oktýabr 2025 | 55 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI