PARAHATÇYLYK: ÝAŞLARYŇ SESI

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan   welaýatynyň Esenguly etrap Geňeşiniň, etrap häkimliginiň, etrap bilim bölüminiň, etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda etrabyň 9-njy orta mekdebiniň mejlisler jaýynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli «Parahatçylyk: ýaşlaryň sesi» ady bilen wagyz -nesihat duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda çykyş edenler, bütin adamzat taryhyna ser salanymyzda, ähli gülläp ösüşler parahatçylykly ýyllarda amala aşyrylandyr, şeýle hem ata Watanymyz Garaşsyzlygymyzyň geçen döwründe, esasan hem parahatçylygyň, abadançylygyň, ynanyşmagyň ýurdy hökmünde özüni tanatdy. Häzirki bagtyýar döwrümizde Türkmenistan döwletimiziň parahatçylyk ýörelgesi dünýäde ykrar edilýär. Şonuň üçin hem, eziz diýarymyz dünýäde parahatçylygyň ýurdy hökmünde tanalýar diýip buýsanç bilen belläp geçdiler.

Wagyz-nesihat duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşanlar, ähli halkymyz, şol sanda ýaş nesil hakynda yzygiderli tagallalary durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza uzak ömür, jan saglyk, döwletli başlangyçlarynda uly üstünlikleri arzuw etdiler.

Alfiýa ŞEMMIÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Balkan welaýatynyň Esenguly etrap Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

13 Oktýabr 2025 | 18 okalan

IL SAGLYGY – ÝURT BAÝLYGY

13 Oktýabr 2025 | 26 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

10 Oktýabr 2025 | 65 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI