Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň «Aşgabat» teleýaýlymy bilen bilelikde guramagynda «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň XV ýyllygy» seýilgähinde Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda “Guşa ganat gerek, ynsana — ylham” atly şygar astynda gezelenç çäresi geçirildi.
Gezelenjiň dowamynda durky täzelenen bu ajaýyp seýilgähiň özboluşly, elwan güller bilen bezelen uzaklara ýaýylyp gidýän ýaşyl zolaklardan ylham alan ýaşlar öz çykyşlarynda birnäçe goşgulary ýerine etdiler. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda durky täzelenip açylyp, ulanylmaga berlen bu seýilgähde ýaşaýjylaryň rahat dynç almaklary, çagalaryň wagtlaryny peýdaly geçirmekleri üçin ähli şertler döredilen.
Gezelenjiň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmen halkynyň bagtyýar, abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Gülälek BAÝRAMALYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Aşgabat şäher Geňeşiniň Medeniýet we köpçülikleýin
habar beriş bölüminiň baş hünärmeni.