ÝAŞLARYŇ HALKARA HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRILÝÄR

Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan parahatsöýüjilikli içeri hem daşary syýasaty häzirki döwürde Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistan oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, sebit we dünýä derejesinde deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirýär. Ýurdumyzyň dünýäniň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda tutýan işjeň orny muny aýtmaga esas berýär. Türkmenistan «Dialog — parahatçylygyň kepili» taglymatyndan ugur alyp, halkara gatnaşyklaryň parahatçylykly ýol bilen ösdürilmegine, ählumumy howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegine uly goşant goşýar.

Türkmenistan döwletimiz öz hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna daýanyp, dünýäniň döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen Ýer ýüzünde parahatçylygyň, ählumumy howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň bähbidine birek-birege ynanyşmak, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan dostlukly gatnaşyklary ýola goýmak bilen bagly toplan gymmatly syýasy tejribesiniň bütin adamzat üçin örän ähmiýetlidigini ýene bir gezek mälim edýär.

Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, halkara hyzmatdaşlygyny netijeli ösdürmek döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan esasy ýörelgeleriň biridir. Hemişelik Bitaraplyk — bu biziň bütin dünýäde parahatçylygy ündeýän, halklary dost-doganlyga, agzybirlige çagyrýan hem-de ynsanperwerligi wagyz edýän ýörelgelerimizi dünýä ýaýýan taglymat bolup hyzmat edýär.

Ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy bilen alyp barýan strategik hyzmatdaşlygy bolsa aýratyn bellenilmäge mynasyp. Şunda BMG-niň iri düzüm birligi bolan ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň gerimi has-da giňeldilip, ýurdumyz medeni mirasy gorap saklamakda, bilimi, ylymy ösdürmekde, halklaryň arasynda parahatçylyk we özara düşünişmek ýörelgelerini ýola goýmakda ählumumy tagallalara işjeň gatnaşýar.

Ýaşlaryň bagtyýar geljegi ugrunda zerur işleriň amala aşyrylýan häzirki döwründe ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygyna hem aýratyn ähmiýet berilýär, bu ugurda zerur tagallalar amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň kanunçylygy hem-de halkara şertnamalary esasynda halkara ýaşlar hyzmatdaşlygyny ösdürmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiziň Karary esasynda şu ýylyň iýun aýynda tassyklanylan «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynda» ähli ugurlarda ýaşlaryň hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek göz öňünde tutulýar. Strategiýada göz öňünde tutulan bedenterbiýe we sport, şol sanda dürli ýaryşlary guramak, sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden wagyz etmek boýunça işleri geçirmek, daşary ýurtly ugurdaş hünärmenler bilen ýakyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak hem halkara ýaşlar hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine gönükdirilendir.

Döredilýän mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanýan Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy ýurdumyzda ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny, zehinlerini ýüze çykarmakda, olary durmuş taýdan goldamakda we beýleki möhüm wezipeleri ýerine ýetirmekde özara tejribe alyşmak üçin, dünýäniň ençeme döwletleri bilen hyzmatdaşlyk saklaýar. Halkara ýaşlar hyzmatdaşlygynyň çäklerinde Ýaşlar guramasynyň birnäçe agzalary döredijilik, tejribe alyşmak maksady bilen ösen döwletleriň birnäçesinde boldular. Dünýäniň ençeme döwletlerinden ýaş wekiller bize myhmançylyga geldiler. Bularyň ählisi ýaşlarymyzyň giň dünýägaraýyşly, ösen şertlerden habarly bolmagyna oňyn täsirini ýetirýär.

Ýeri gelende bellesek, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri baradaky guramasynyň Bütindünýä ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edildi. Şunda ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygyndaky ornuny has-da berkitmek, goldamak hem-de höweslendirmek ýaşlar barada döwlet syýasatynyň esasy möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar. Elbetde, Bütindünýä Ýaşlar Jemgyýetiniň esasy wezipesi, ýaşlar üçin we ýaşlar tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän dünýä jemgyýeti bolup, onuň maksady ýaşlar tarapyndan öňe sürülýän başlangyçlaryň we özara hyzmatdaşlygyň aragatnaşygyny ösdürmekden ybaratdyr.

Häzirki wagtda bagtyýar türkmen ýaşlary Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny tüýs ýürekden goldaýarlar hem-de döwletli işlerde saldamly goşantlaryny goşmaklygy özlerine mertebe hem beýik dereje saýýarlar.

Umyda KAKAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Arkadag şäheriniň Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar