Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan däp bolan medeni gatnaşyklary berkitmek arkaly, parahatçylygy, halklaryň arasynda özara düşünişmegi we ynanyşmagy goldamaga aýratyn ähmiýet berýär. Eziz Diýarymyzyň «Açyk gapylar» syýasaty dünýäniň islendik ýurdy bilen hoşniýetli gatnaşyklary ýola goýmaga uly mümkinçilikleri açýar. Türkmenistanyň Bitaraplygy – bu türkmen halkynyň öňden gelýän milli ynsanperwer däpleriniň mazmunynyň bütin dünýäde ykrar edilmegidir. Türkmenistanyň Bitaraplygy diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, umumadamzat gymmatlygydyr, parahatçylygyň we ynanyşmagyň rowaçlanmagydyr. Ata Watanymyzyň Bitaraplyk ýörelgesi parahatçylyk babatda örän möhüm ähmiýete eýedir.
Parahatçylyk ynanyşmakdan, agzybirlikden, hoşniýetli ýylgyryşlardan başlanýar. Ynsanyň uzak ömür sürmegi, sagdyn ýaşamagy üçin tämiz howanyň, arassa suwuň, ter önümleriň gerek bolşy ýaly, parahatçylyk hem zerurdyr. Çünki parahatçylyk bolan ýerde ýaşaýyş bar, gülleýiş bar. Şonuň üçin-de parahat durmuşy wagyz etmek her bir ynsanyň borjudyr. Türkmeniň parahatçylyk söýüji halkdygy baradaky maglumatlary halk döredijiliginden hem görmek bolýar: «Barmagy başga diýme, bilegi birdir, ili başga diýme, dilegi birdir» diýen nakylyň düýp manysy agzybirlik, parahatçylyk baradadyr.
Gahryman Arkadagymyz adamzadyň beýik geljeginiň, bagtyýar ýaşaýşynyň üpjün edilmeginiň parahatçylyk bilen aýrylmaz baglydygyny “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” atly şygrynda şeýle beýan edýär:
Parahatlyk geljege iň mukaddes mirasdyr,
Ömürleriň manysy söýgi, mähir, yhlasdyr,
Adamzadyň arzuwy abatlyga telwasdyr!
Külli ynsan hakyna belent maksat tutany –
Türkmenistan – parahatçylyk, ynanyşmak Watany!
Gahryman Arkadagymyzyň paýhasly belleýşi ýaly, parahat, asuda dünýä geljek nesiller üçin iň gymmatly, mukaddes mirasdyr. Bu şygyr tutuş adamzady ýaşaýan dünýämiziň abadançylygyny geljek nesilleriň hatyrasyna goramak baradaky çagyryşdyr.
Sähra TÄJIMYRADOWA,
Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabyndaky
daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirlen 65-nji
orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy,
TMÝG-niň işjeň agzasy.