TÜRKMENISTANYŇ KÜŞT BOÝUNÇA «GRAN-PRI» ÝARYŞYNYŇ MARY ŞÄHER TAPGYRYNYŇ ÝEŇIJILERI KESGITLENDI

MARY ŞÄHER TAPGYRYNYŇ ÝEŇIJILERI KESGITLENDI

Mary şäherinde tamamlanan küşt boýunça «Gran-pri» – baş baýrak ugrundaky ýaryşynyň dördünji tapgyry 141 küştçini bir ýere jemledi.

Bäsleşik, birinji göçümden başlap, her göçüm üçin 30 sekunt artdyrmak bilen, her oýunça her döw üçin 90 minut wagt berilýän şweýsar usulynyň düzgünleri boýunça 9 tapgyrda geçirildi.

«Iň güýçli» ady ugrunda açyk toparda 91 küştçi, zenanlar toparynda bolsa 50 küştçi bäsleşdi.

Bäsleşik netijelere goşmaça saldam berýän we küştçüler üçin has uly halkara üstünliklere ýol açýan halkara FIDE görkezijisiniň hasaba alynmagy bilen geçirildi.

Soňky ýyllarda erkekler bilen bir hatarda zenanlaryň hem gatnaşmagyna rugsat berilýän we, hatda höweslendirilýän açyk toparda mümkin bolan 9 utukdan 8 utuk gazanan Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby we Aşgabatdaky Ýöriteleşdirilen küşt-şaşka mekdebiniň uçurymy Amanmuhammet Hommadow birinji ýeri eýeledi. Bu onuň baş baýrak ugrundaky ýaryşlarda Aşgabat tapgyrynda gazanan üstünliginden soň eýýäm ikinji ýeňişidir.

Kümüş medaly 7 utugy bolan erkekler toparynyň ýokary ligasynyň häzirki çempiony, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Wepaly Halynýazow gazandy.

Şahruh Turaýew bilen Şageldi Gurbandurdyýewiň ýaryşyň netijeleri boýunça olaryň utuk sany deň geldi – deň utuk sany, deň koeffisientler we ýüzbe-ýüz duşuşykda deň netije. Ýaryşyň düzgünlerine laýyklykda, üçünji ýeriň ýeňijisini kesgitlemek üçin, goşmaça blis görnüşi boýunça ýaryş geçirildi. Garşydaşlar ilki bilen iki sany blis ýaryşyny oýnadylar. Bu oýunlar 1:1 hasabynda deňlik bilen tamamlandy. Netijede, ýeňiji Armageddon görnüşinde geçirilen aýgytly oýunda kesgitlendi; bu oýunda aklara 5 minut, garalara 4 minut wagt berilýär, şunda deňme-deň oýun garalaryň ýeňşi hökmünde hasaba alynýar.

Bije atyşlygyň netijesi boýunça, gara çöpler bilen Şageldi Gurbandurdyýew oýnady. Dartgynly oýunda ýokary pikir jemligini we sowukganlylyk görkezen Şahruh Turaýew ýeňiji bolmak bilen, ýaryşyň jemleýji sanawynda üçünji orny eýeledi.

Zenanlar toparynda hormat münberiniň iň ýokarky basgançagyna Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby Leýla Şöhradowa çykdy. Ol mundan ozal «Gran-pri» ýaryşynyň Daşoguz welaýat tapgyrynda mümkin bolan 9 utugyň ählisini gazanmak bilen, birinji orny eýeläpdi. Bu gezek ol öňdeligi 8,5 utuk bilen eýeledi. Mary şäher tapgyryndaky ýeňşi saýasynda Leýla 24 punkt toplady we ELO görkezijisinde 2100-den ýokary geçdi, bu bolsa oňa zenanlar arasynda FIDE ussady diýen derejäni almaga hukuk berýär.

Kümüş medal 7 utuk gazanan Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Ogulsuraý Baýrambaýewa berildi. Eneş Arazmedowa hem şol mukdarda utuk gazandy, ýöne goşmaça görkezijiler boýunça ol üçünji ýer bilen oňmaly boldy.

Türkmenistanyň Küşt federasiýasy tarapyndan 2025-nji ýylda döredilen küşt boýunça «Gran-pri» ýaryşy ýurdumyzyň sebitlerinde ýaýratmakda we täze ýyldyzlarydyr zehinleri ýüze çykarmakda möhüm ähmiýete eýe boldy.

«Gran-pri» ýaryşynyň indiki tapgyry Türkmenbaşy şäherinde geçiriler. Ol ýerde-de öňkülerden pes bolmadyk dartgynly we gyzykly bäsleşik bolar diýlip çak edilýär.

Jemleýji tapgyr Aşgabatda geçiriler. Onuň netijelerine görä, açyk we zenanlar toparynyň ýeňijileri halkara ýaryşlara gatnaşmak üçin, 2026-njy ýylda geçiriljek Türkmenistanyň ýokary ligasyna geçmäge hukuk alarlar.

turkmenistan.gov.tm