Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Tejen etrap Geňeşiniň hem-de etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda Tejen şäheriniň Medeniýet öýünde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli dabara geçirildi.
Aýdym-sazly dabarada Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda taryhy ähmiýetli wakalaryň bolup geçýändigi, milli ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda belent sepgitlere ýetilýändigi, her bir günümiziň şatlykly wakalara beslenýändigi barada gürrüň edildi. Çykyş edenler şu şatlykly günlerde Tejen etrabynyň Tejen şäherinde 300 orunlyk etrabara köpugurly hassahananyň gurluşygyna dabaraly ýagdaýda girişilmeginiň şatlykly wakalaryň birine öwrülendigini buýsanç bilen bellediler hem-de halkymyzyň saglygy hakda uly alada edýän hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Dabaranyň dowamynda ýaňlanan aýdym-sazlar, ýerine ýetirilen tans çykyşlary çärä gatnaşanlaryň kalbyny joşa getirip, şatlygyna şatlyk goşdy. Sungat çykyşlarynda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen Watanymyzda durmuşa geçirilýän taryhy ähmiýetli tutumlar, ösüş-özgertmeler, eşretli döwrümiz joşgunly wasp edildi.
Aýnagözel ANNAMYRADOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Ahal welaýatynyň Tejen etrap Geňeşiniň
sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.