KÖŇÜL OWAZY

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap Geňeşiniň hem-de «Türkmen owazy» teleradioýaýlymynyň bilelikde guramagynda «Köňül owazy» atly aýdym-sazly gepleşiginiň nobatdaky täze sany ýazgy edildi.

Gepleşigiň bu gezekki sanyna Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby Mähri Hojakowanyň gatnaşmagynda ýazgy edildi.

Onuň dowamynda aýdymçy tarapyndan «Mert olmaz», «Mal ýagşy», «Aşyk men», «Bu göwünde», «Sergezdan men», «Bada meni», şeýle-de «Duraý duraý» atly aýdymlary bu gezekki gepleşige aýratyn öwüşgin çaýdy. Gepleşigiň ahyrynda Watanymyzyň ösüşlerini wasp edýän aýdym ýerine ýetirilip, ýaş aýdymçy bilen gyzykly söhbetler edildi.

Aýdym-sazly gepleşigiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar, türkmen ýaşlaryna okamaga, öwrenmäge, döretmäge, medeniýetimizi, sungatymyzy gülledip ösdürmäge, ony dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Nurmuhammet DÖWLETOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

21 Oktýabr 2025 | 45 okalan

KÖŇÜL OWAZY