DIL BILEN-DÜNÝÄNI AÇAR

Daşary ýurt dillerini öwrenmek häzirki döwürde her bir adama, aýratyn-da, ýaşlar üçin örän möhüm bolup durýar. Ýaşlar dünýä dillerini öwrenmek arkaly şahsy kämillige, hünär ussatlygyna ýetmäge, öňdebaryjy tejribeleri öwrenmäge, halkara çärelerde, daşary ýurtlara iş saparlarynda we syýahatlarda düşünişmäge kömek edýär. Mälim bolşy ýaly, daşary ýurt dillerini öwrenmek ýaşlaryň has ýokary derejede bilim almagyna, başarnyklaryny kämilleşdirmegine, zähmet bazarynda islegli hünärmenlere öwrülmegine ýardam edýär. Hemmämiziň bilşimiz ýaly daşary ýurt dillerini öwrenmegiň beýniniň işjeňligini gowulandyrmaga, ýatkeşligi güýçlendirmäge, ünsüňi jemlemäge we çözgütleri kabul etmäge, döredijilikli pikirlenmäge kömek edýändigini belli. Bu hakykat islendik adam, aýratyn-da, ýagty geljegimiziň eýeleri bolan ýaş nesiller üçin daşary ýurt dillerini öwrenmegiň ähmiýetini görkezýär. Şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzda ýaşlaryň daşary ýurt dillerini çuňňur öwrenmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň çäginde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy hem ylym-bilimli, giň dünýägaraýyşly, häzirki zaman tehnologiýalaryndan baş çykarýan kämil nesilleri kemala getirmek ugrunda netijeli işleri alyp barýar. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky Maglumat, maslahat beriş we meýletinçilik hereketiniň işleri boýunça Merkeziniň “Ýaş dilmaçlar we halypalar” gurnagynyň çäginde iňlis we nemes dillerinde geplemek ukyplaryny kämilleşdirmek isleýän ýaşlar bilen, her hepdäniň ýekşenbe günleri ýörite duşuşyklary geçirýär. Geçen hepdäniň ýekşenbe güni geçirilen şeýle duşuşyga ýurdumyzyň mekdep okuwçylar, dürli ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplar, edara-kärhanalarda we hususy pudakda zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdy. Duşuşyk dolulygyna daşary ýurt dilinde geçirilip, onuň dowamynda ýaşlar öz aralarynda pikir alyşdylar we tejribelerini paýlaşdylar. Elbetde, şeýle duşuşyklaryň yzygider geçirilmegi ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny artdyrmagyna, halkara derejeli çärelerde üstünlikli çykyş edip, ata Watanymyzyň ýaşyl tuguny belentde parlatmaga mümkinçilik döredýär.

Şeýle ajaýyp zamanada, bagtyýar geljegi nazarlap, ýaşlaryň dürli dilleri bilmegi we köptaraply, kämil hünärmen bolmagy üçin ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik tutumly işleri elmydama  rowaçlyklara beslensin!

Habib ATABERDIÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky “Arkadagly Ýaşlar” elektron

Žurnalynyň redaksiýasynyň terjimeçisi.

Meňzeş habarlar

22 Oktýabr 2025 | 412 okalan

DIL BILEN-DÜNÝÄNI AÇAR

24 Iýul 2025 | 332 okalan

ÝAŞ DILMAÇLAR ÖSÜŞ ÝOLUNDA