WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap Geňeşiniň hem-de Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap häkimliginiň guramagynda Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiň ýokary synplarynda bilim alýan okuwçy gyzlarynyň, şeýle-de olaryň ene-atalarynyň gatnaşmaklarynda «Gyz edebi – il edebi» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Onda çykyş edenler, türkmen gelin-gyzlarynyň edep-terbiýe babatynda beýleki halklaryňka meňzemeýän aýratynlygynyň bardygyny, türkmen gelin-gyzlaryna mahsus bolan gylyk-häsiýetleriň arassa ahlaklylyk, edep-ekram, sylag-hormat, maşgala ojagyna mähir-muhabbet, wepalylyk ýaly milli häsiýetleriň jemlenendigi, türkmen milletinde gyz edebine sarpa goýulýandygyna we şol sarpany baýdak ýaly gorap saklamalydygy barada gyzykly çykyşlary etdiler. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiziň ösüp gelýän ýaş nesilleri millilik ýörelgeleri esasynda terbiýelemek hakynda berýän tabşyryklaryndan ugur alyp, ene-mamalarymyzdan gelýän milli ýörelgeleri, däp-dessurlarymyzy, edep-kadalarymyzy, ruhy, medeni, milli gymmatlyklarymyzy wagyz etmek we sagdyn, ýokary ahlakly, maşgala ojagyna wepaly watansöýüji, ynsanperwer, zähmetsöýer bolmalydygy barada nygtap geçdiler.

Wagyz-nesihat duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşanlar, ýaş nesilleriň bilim almagy, sport bilen meşgullanmagy, beden we ruhy taýdan sagdyn bolmagy üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Maýa ŞÄMIÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

23 Oktýabr 2025 | 31 okalan

KÖPETDAG ETRAP TAPGYRY GEÇIRILDI

23 Oktýabr 2025 | 23 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

23 Oktýabr 2025 | 14 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI