Milli gymmatlyklarymyza sarpa goýulýan ajaýyp zamanamyzda türkmen halkynyň adyny belende göterip, dünýä jemgyýetçiligine äşgär edýän gymmatlyklarymyzyň biri-de alabaý itlerimizdir. Wepaly goragçymyz bolan türkmen alabaýy itleriň iň gadymy tohumlarynyň biri bolup, häzirki wagtda dünýäde iň meşhur tohumlaryň biri hökmünde ykrar edildi.
Haýbatly görnüşi, çydamlylygy, asudalygy, batyrgaý we gaýduwsyz häsiýetleri bilen tanalýan alabaýlarymyz biziň wepaly ýoldaşymyz, hakyky dostumyz hem goragçymyzdyr. Bu barada parasatly pederlerimizden miras galan rowaýatlarda hem aýdylýar.
Berkarar döwletimizde halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen alabaý itleriniň aslyny gorap saklamak, seçgilik işlerini ösdürmek degişli ugurda alnyp barylýan giň gerimli işleriň möhüm bölegidir. Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň açylmagy, şonuň esasynda hem ýurdumyzyň welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde alabaý itleriniň tohumçylyk merkezleriniň açylmagy hem munuň aýdyň beýanydyr. Ýurdumyzyň gözel künjeklerinde türkmen alabaýynyň ajaýyp heýkelleriniň oturdylmagy, şeýle-de her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde türkmen alabaýynyň gününiň baýram edilip, uly joşgun bilen bellenilýär.
Nesilden-nesle geçip gelýän däp-dessurlarymyzy öwrenmäge, gorap saklamaga, milli gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il bähbitli, ýurt ähmiýetli alyp barýan işleri rowaçlyklara beslensin.
Zübeýda GARAJAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Ahal welaýatynyň Sarahs etrap Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň
sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.












