MEKDEP OKUWÇYLARYNYŇ DÖWREBAP DYNÇ ALYŞY ÜPJÜN EDILÝÄR

Şu günler körpe nesilleriň güýzki dynç alyş möwsümini göwnejaý we netijeli geçirmeklerini gazanmak maksady bilen Arkadag şäheriniň häkimliginiň, Bilim müdirliginiň, Bedenterbiýe we sport müdirliginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesiniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň bilelikde guramagynda sport ýaryşlary yzygiderli geçirilýär. Şeýle çäreleriň biri mekdep okuwçylarynyň sagdyn bedenli, sagdyn ruhly kemala gelmegini gazanmak, olary ruhubelent nesiller hökmünde terbiýeläp ýetişdirmek hem-de dynç alyş döwrüni döwrebap we talabalaýyk geçirilmegini gazanmak maksady bilen Arkadag şäheriniň 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynda sportuň woleýbol görnüşi boýunça geçirildi.

2009 – 2010-njy ýyllarda doglan Arkadag şäheriniň mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen bäsleşikde üstünlik gazanan toparlara Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesiniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Beýzaly ATAÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň

Geňeşiniň başlygynyň orunbasary.

Meňzeş habarlar