Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrap Geňeşi etrabynyň medeniýet bölüminde ähli ulgamda zähmet çekýän ýaşlaryň we ýaşuly nesilleriň gatnaşmaklarynda «Terbiýeli nesil – ynamly geljek» atly wagyz-nesihat çäresini geçirdi.
Onuň dowamynda jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, saglyk ulgamynyň işgärleri çykyş edip, ýaşlary watançylyk, belent ynsanperwerlik ruhunda we asylly milli ruhy-ahlak ýörelgeler esasynda terbiýelemek, beden taýdan taplamak we sport bilen yzygiderli meşgullanmaga höweslendirmegiň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öňe sürülýän wezipeleriň möhüm bölegi bolup durýandygy, bagtyýar we ruhubelent ýaşlar Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şahsy göreldesine eýerip, sagdyn durmuş ýörelgesini özlerine hemra edinip hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda geçirilýän bedenterbiýe, saglyk we sport çärelerine watandaşlarymyzyň müňlerçesi, şol sanda ýaşlar hem uly ruhubelentlik bilen gatnaşyp, ýurdumyzda sporty ösdürmäge, ilaty köpçülikleýin bedenterbiýä we sporta çekmäge uly üns berilýändigi barada giňişleýin belläp geçdiler.
Wagyz-nesihat çäresininiň ahyrynda oňa gatnaşanlar, döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, tutýan tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Laçyn AŞYROWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrap Geňeşiniň
sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.












