Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap Geňeşi tarapyndan Köneürgenç etrabynyň 54-nji orta mekdebinde «Ýaşlar syýasaty bagtyýar geljegiň berk binýady» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çäre «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny» durmuşa geçirmekde ýurdumyzyň ýaşlarynyň işjeňligini artdyrmak, maksady bilen geçirildi. Çäräniň dowamynda çykyş edenler ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik özgertmeler barada, sagdyn-durmuş ýörelgeleri ahlak arassalygyny hem-de Hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň daşary döwletlere amala aşyrýan iş saparlarynyň taryhy ähmiýeti barada giňişleýin uly buýsanç bilen bellediler. Ýygnaga gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Gülnahal DÄDEBAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň esasy hünärmeni.












