DUŞUŞYK GEÇIRILDI

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Bäherden etrap Geňeşiniň, beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň, etrap bilim bölüminiň hem-de etrabyň polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölümçesiniň bilelikde guramagynda etrabyň Medeniýet öýünde umumybilim berýän mekdepleriň mugallymlarynyň, müdirleriniň, ýaşuly nesliň wekilleriniň gatnaşmaklarynda «Ýol hereketiniň düzgünleri – ynsan saglygynyň goragy» şygary astynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda ýurdumyzda bolup geçýän taryhy wakalar, raýatlaryň bagtyýar, erkana ýaşamagy ugrunda edilýän tagallalar barada söz açylyp, ýol hereketine degişli kanunçylyk namalary, şeýle-de ýollarda özüňi alyp barmagyň medeniýeti düşündirildi. Ýaşuly nesliň wekilleriniň tertip-düzgüni berjaý etmegiň möhümdigi hakda aýdanlary we gymmatly öwütleri uly täsirleri döretdi.

Duşuşygyň ahyrynda ýol hereketiniň kadalarynyň bozulmagyna getirýän esasy sebäpleri beýan edýän wideoroligiň görkezilmegi wagyz-nesihat çäresiniň netijeliligini ýokarlandyrdy.

Duşuşyga gatnaşanlar hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzy eşretli durmuşda ýaşamagy, Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrundaky taýsyz tagallalarynyň rowaçlanmagyny arzuw etdiler.

Ybraýym ANNAMÄMMEDOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Ahal welaýatynyň Bäherden etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

04 Noýabr 2025 | 20 okalan

DUŞUŞYK GEÇIRILDI

01 Noýabr 2025 | 150 okalan

TARYHY WAKANYŇ ŞANYNA GEÇEN SÖHBETDEŞLIK

01 Noýabr 2025 | 56 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRELERI GEÇIRILÝÄR