TÜRKMENISTANYŇ NAÝBAŞY FUTZAL LIGASYNYŇ 2025-NJI ÝYL ÜÇIN JEMLEÝJI TAPGYRY BAŞLANDY

Türkmenistanyň Naýbaşy futzal ligasynyň 2025-nji ýyl üçin jemleýji tapgyry 17-nji tapgyryň oýunlary bilen Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport toplumynda başlandy.

Ilkinji oýunda «Migrasiýa» topary TNGIZT toparyny 3:2 hasabynda ýeňdi, ondan soňky oýunda bolsa «Ahal» topary hut şu hasap bilen «Senagatbank» toparyny utdy.

Tapgyryň jemleýji duşuşygynda milli futzalyň öňdäki toparlary, ýagny ýakynda wagtyndan öň bäşinji gezek Türkmenistanyň çempiony diýen ada mynasyp bolan «Köpetdag» topary we häzirki wagtda ýurduň 2025-nji ýyl Naýbaşy futzal ligasynda ikinji orun ugrunda göreşýän öňki dört gezek çempion bolan «Deňizçi» topary duşuşdy. Duşuşygyň 40-njy sekundynda «Deňizçi» toparynyň oýunçysy Kiril Çaryýew hasaby açdy. «Köpetdag» toparynyň jogabyna köp garaşmaly bolmady – Parahat Garaýewiň şägirtleri üç gezek gol salyp, hasap 3:1-kä arakesmä çykdylar.

Emma wakalaryň bu terzde öwrüm etmegi «Deňizçi» toparyny ruhdan düşürmedi we ikinji 20 minutda Ýakup Owezowyň şägirtleri Daniil Pançenkonyň, Maksat Soltanowyň we Alişer Hudaýbergenowyň tagallalary bilen diňe bir jogap goluny salmak bilen çäklenmän, eýsem, 4:3 hasabynda öňe saýlandylar.

Mundan soň wakalar diýseň okgunly ýaýbaňlandy: «Köpetdag» topary hasaby deňleşdirdi – 4:4, Maksat Soltanow «Deňizçi» toparyny ýene-de öňe çykardy – 5:4, soňra G.Sähedow hasaby deňleşdirdi – 5:5.

Oýnuň ahyry Deňiz portunyň toparynyň bähbidine boldy, ol Batyr Sarbaýewiň salan golundan soň ýene-de 6:5 hasabynda öňe saýlandy. Oýnuň tamamlanmagyna 23 sekunt galanda, «Köpetdag» topary ýene-de derwezeçisini bäşinji meýdan oýunçysy bilen çalşanda, Maksat Soltanow boş derwezä gol salyp, öňki milli çempionyň peýdasyna hasaby gutarnykly etdi – 7:5.

Erkiň güýji bilen gazanylan bu ýeňişden soň, 28 utukly «Deňizçi» topary hut şunça utugy bolan «Ahal» topary bilen ýüzbe-ýüz duşuşyklarda gazanan artykmaçlyklarynyň hasabyna ondan öňe geçip, ýaryş sanawynda ikinji orny elde saklady.

Dördünji orunda barýan «Senagatbank» topary olardan ýedi utuk yza galýar, şol sebäpli bu topar galan üç tapgyrda medal ugrundaky ýaryşa gatnaşmasa gerek.

18-nji tapgyrda aşakdaky oýunlar geçiriler: TNGIZT – «Senagatbank», «Deňizçi» – «Migrasiýa», «Ahal» – «Köpetdag».

turkmenistan.gov.tm

Meňzeş habarlar