PARAHATÇYLYK — DOST-DOGANLYK AÝDYMY

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda parahatçylygy, dost-doganlygy, özara ynanyşmagy aýratyn sarpalaýan türkmen ili ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramyny uludan belleýär. Bu buýsanjymyzyň özeninde duran hoşniýetli goňşuçylyk, parahatçylyk, dost-doganlyk gatnaşyklary we oňyn hyzmatdaşlyk ata-babalarymyzdan gelýän asylly ýörelgelerimizdir. Asyrlardan aşyp gelýän milli ýörelgelerimiz häzirki döwürde hem döwlet syýasatymyzyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.

Birleşen Milletler Guramasynyň belent münberinden ykrar edilen türkmen Bitaraplygy bütin dünýäde parahatçylygy, durnukly ösüşi we özara bähbitli hyzmatdaşlyklary nygtap, Ýer ýüzündäki ähli halklary bagtyýarlyga çagyrýar. Şol sebäpden hem, ähli halklar ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesiniň ýörelgelerini goldaýarlar. Şeýle hem, Türkmenistan halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge, umumadamzat bähbidine gönükdirilen işleri durmuşa geçirmäge mynasyp goşant goşýan ygtybarly hyzmatdaş hökmünde öz ornuny barha giňeldýär. Munuň aýdyň mysaly hökmünde dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan Bitarap ýurdumyzyň öňe sürýän başlangyçlarynyň goldanylýandygyny bellemek bolar.

Türkmen ýurduny parahatçylygyň, ösüşiň we hoşniýetliligiň ýoly bilen öňe alyp barmakda giň gerimli işleriň başyny başlan Gahryman Arkadagymyzyň we şol beýik işleri mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

Gülşat ÇARYÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Öňki makala

BAKY BITARAPLYK BAGTY

Meňzeş habarlar

10 Noýabr 2025 | 38 okalan

PARAHATÇYLYK — DOST-DOGANLYK AÝDYMY

07 Noýabr 2025 | 56 okalan

BAKY BITARAPLYK BAGTY

30 Oktýabr 2025 | 180 okalan

PARAHATÇYLYK — DURNUKLY ÖSÜŞIŇ BINÝADY