Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary M.Çakyýew «Türkmentel – 2025» hem-de «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2025» maslahatlarynda eden çykyşynda ýurdumyzy dünýäniň öňdebaryjy sanly döwletleriniň hataryna çykarmaga we ösüşiň täze derejesine ýetirmäge gönükdirilen çäreler barada aýdyp berdi.
«Häzirki wagtda milli ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmaga, döwrebap ulag düzümini döretmäge, sanly ykdysadyýeti ösdürmäge, «elektron hökümet» ulgamyny ornaşdyrmaga, emeli aňyň we «bulut» tehnologiýalarynyň mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilen giň gerimli maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu ugurda ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamaga we maglumat-kommunikasiýa infrastrukturasyny giňeltmäge aýratyn üns berilýär» – diýip, M.Çakyýew aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, M.Çakyýew türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen ýurdumyzda ilkinji «akylly» Arkadag şäherini mysal getirdi. Bu şäherde öňdebaryjy sanly, maglumat-kommunikasiýa we «ýaşyl» tehnologiýalar, şol sanda aragatnaşyk ulgamyna «5G» standarty giňden ornaşdyryldy, bu bolsa Türkmenistanyň sanly ösüşiniň täze tapgyryny alamatlandyrdy.
Wise-premýer logistika artykmaçlyklary barada gürrüň berip, Türkmenistanyň halkara üstaşyr kuwwatyny doly peýdalanmak üçin uly geljegi açýan amatly geo-ykdysady ýagdaýyna aýratyn ünsi çekdi.
Şunuň bilen baglylykda, «Gündogar – Günbatar» we «Demirgazyk – Günorta» ugurlary boýunça täze ulag-tranzit geçelgeleriniň döredilýändigi bellenilip, olar Ýewraziýa giňişliginde özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösmegi üçin giň mümkinçilikleri döredýär.
«Bu Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň üstünlikli durmuşa geçirýän «Açyk gapylar» syýasaty, şeýle-de deňhukukly we özara bähbitli döwletara gatnaşyklaryň esasynda döredilen syýasy, ykdysady we hukuk şertleri bilen berk baglanyşyklydyr. Şu nukdaýnazardan, türkmen tarapy özara bähbitli hyzmatdaşlyk we täze maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek baradaky teklipleri ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyr» – diýip, M.Çakyýew nygtady.
turkmenistan.gov.tm












