SÖHBETDEŞLIK DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Murgap etrap Geňeşiniň guramagynda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli etrabyň 8-nji orta mekdebinde, ýokary synp okuwçylaryň gatnaşmagynda «Bitaraplyk ýörelgesi – ýaşlaryň bagtly buýsanjy» atly söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi.

Onuň dowamynda etrabymyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, mugallymlaryň we okuwçylaryň özboluşly giň mana eýe bolan täsirli çykyşlary diňlenildi. Olar öz çykyşlarynda esasan hem, parahatçylyk taglymatynyň asyrlar boýy dowam edip gelýän şöhratly taryhy, şu günki buýsançly ýörelgesi, geljekki rowaçly başlangyçlary hakynda çuň manyly sözleri bilen çärä gatnaşan ýaş nesilleriň aňynda «parahatçylyk» düşünjesiniň has kämil ýer almagyny gazandylar.

Söhbetdeşlik duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ýurdumyzda beýik başlangyçlary bilen halkymyzy eşretli zamanada ýaşadýan Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş sözlerini beýan etdiler.

Pälwan SAPAROW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Mary welaýatynyň Murgap etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Öňki makala

SPORT KÄMILLIGE BADALGA

Meňzeş habarlar

17 Noýabr 2025 | 20 okalan

SÖHBETDEŞLIK DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

12 Noýabr 2025 | 111 okalan

SPORT KÄMILLIGE BADALGA

11 Noýabr 2025 | 103 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI