WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Ýakynda Annanyýaz Artyk adyndaky daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 68-nji orta mekdebinde bilim alýan okuwçy ýaşlaryň arasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň öwüt-ündewleri we gymmatly maslahatlary esasynda ýurdumyzda sazlaşyk ösüşi, olaryň jemgyýetimizde eýeleýän ornuny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler, öňünde goýulan wezipeler, şeýle hem türkmeniň döwletlilik ýörelgelerini, millilik, däp-dessur we edep-terbiýe kadalaryny, sagdyn durmuş ýörelgelerini, maşgala gymmatlyklaryny, ýaş nesillerde türkmen halkyna mahsus bolan asyllylygy, ar-namyslylygy, arassa ahlaklylygy, ula hormat, kiçä sarpa goýmagy terbiýelemek we ony giňden wagyz etmek maksady bilen birnäçe çykyşlara aýratyn orun berildi.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar, ýaşlaryň döwrebap okamaklary, özleriniň saýlap alan hünärleriniň eýeleri bolmaklary üçin döredip berýän şertdir mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş sözlerini beýan etdiler.

Baýmyrat DÖWLETGELDIÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

17 Noýabr 2025 | 13 okalan

DOST-DOGANLYK HYZMATDAŞLYK

17 Noýabr 2025 | 9 okalan

GEZELENÇ ÇÄRESI GEÇIRILDI

17 Noýabr 2025 | 8 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI