ÝAŞLAR BAÝRAGYNYŇ EÝELERI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ösüşlerine buýsanyp ýaşamagyň özi ykbalyň bize eçilen peşgeşidir. Diýarymyzyň her bir ýaşaýjysy halka, Watana hyzmat etmegi, ýurt Baştutanymyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň durmuşa geçirilmegine mynasyp goşantlaryny goşmagy özleriniň mukaddes borjy hasaplaýarlar. Eşretli zamanamyzda ylymly, bilimli, giň göz ýetimli, arassa ahlakly, ynsanperwer we ruhubelent ýaşlaryň kemala gelmegi ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar watanyň daýanjy» atly kitabynda getirilýän maglumatlaryň, beýan edilýän pikirleriň her biri ähli ynsanlary aýratynda ýaşlarmyzy zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Kitapda: «Türkmen ýaşlary döwletden arkalydyr. Döwlet sarsmaz, tükenmez uly güýçdir. Biz döwletimiziň güýjinden güýç alýarys» diýip bellenilýär. Elbetde bu sözlerde ýaşlarmyza bolan uly ynam bar. Asylly ýol ýörelgeleri mynasyp dowam etdirýän ýaşlarmyz beýik işleri başarýarlar.

2025-nji ýylyň 16-njy noýabrynda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde ýurdumyzyň zähmetde, döredijilikde aýratyn tapawutlanan ýaşlaryna Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” ýurdumyzyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, ýokary okuw mekdepleri, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň, welaýatlaryň häkimlikleri tarapyndan bäsleşige ýaşlaryň birnäçesi hödürlenildi. Olaryň arasyndan has tapawutlanýan ýaşlarymyz ýeňiji diýlip yglan edildi. Şol ýeňijileriň arasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan yglan edilen Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda alnyp barylýan hoşniýetli içeri we daşary syýasatyny, durmuşa geçirýän beýik özgertmelerini, halkymyzyň aýratyn hem ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat etmekde, şeýle hem edebiýatda, sungatda, medeniýetde, oba hojalygynda, sportda, saglygy goraýyşda, bilim we terbiýeçilik işlerinde gazanan üstünliklerini, ýokary döredijilik başarnygyny hem-de işjeňligini görkezenligi üçin, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy hem-de «Grafika» kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi Adylşa Annamuhammedowe, «Grafika» kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi Aksona Saparmedowa, «Nakgaşçylyk» kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi Bakygeldy Sytdyhowe, «Sungaty öwreniş» kafedrasynyň 5-nji ýyl talyby Ýalkap Sähedowe Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi diýen hormatly at berildi hem-de degişli şahadatnamalar we hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşurylmagy bizi diýseň buýsandyrdy. Bu dabara ýaşlaryň durmuşynda hiç mahal unudylmajak ajaýyp wakalara, bagtly pursatlara beslendi. Şeýle ajaýyp gazanylan üstünlik ýaşlarmyzyň mundan bu ýana hem döredijilik zähmetine bolan söýgüsini has-da artdyrdy. Kalby joşgunly bagtyýar ýaşlarymyzy gazanan üstünligi bilen tüýs ýürekden gutlaýarys!

Oguljan ANNAMÄMEDOWA,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň

«Şekillendiriş sungatynyň taryhy we nazaryýeti»

hünäriniň 3-nji ýyl talyby.

Meňzeş habarlar

18 Noýabr 2025 | 34 okalan

ÝAŞLAR BAÝRAGYNYŇ EÝELERI

18 Noýabr 2025 | 27 okalan

TÜRKMEN ÝAŞLARY — DÖWLETIMIZIŇ GELJEGI

17 Noýabr 2025 | 63 okalan

ÝAŞLAR – DÖWLETIMIZIŇ GÜÝJÜDIR