Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň gurnamagynda 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagy we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň öwüt-ündewleri we gymmatly maslahatlaryny wagyz etmek maksady bilen, etrabyň 25-nji orta mekdebiniň okuwçylarynyň gatnaşmaklarynda «Milli miras – terbiýäniň özeni» atly duşuşyk çäresi geçirildi.
Onda çykyş edenler, ýurdumyzda ýaşlaryň sazlaşykly ösüşi, olaryň jemgyýetimizde eýeleýän ornuny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler, öňde goýlan wezipeler, şeýle hem türkmeniň döwletlilik ýörelgelerini, millilik, däp-dessur we edep-terbiýe kadalaryny, sagdyn-durmuş ýörelgelerini, maşgala gymmatlygyny, ýaş nesillerde türkmen halkyna mahsus bolan asyllylygy, ar-namyslylygy, arassa ahlaklylygy, ula hormat, kiçä sarpa goýmagy terbiýelemek, ýaşlaryň geljegi gurujylardygy, ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň sazlaşykly ösüş depgini, halkyň nurana geljegi ylymly-bilimli ýaş nesillerimize baglydyr diýip bellediler.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar, ählumumy parahatçylygyň, ösüşiň bähbidine beýik işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.
Serwi AMANOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.












