WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Bereket etrap Geňeşiniň, etrap jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guramagynda Bereket etrabynyň 16-njy orta mekdebinde okuwçylarynyň arasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda çykyş edenler, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň öwüt-ündewleri we gymmatly maslahatlary esasynda ýurdumyzda ýaşlaryň sazlaşykly ösüşi, olaryň jemgyýetimizde eýeleýän ornuny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler, öňde goýlan wezipeler, şeýle hem türkmeniň döwletlilik ýörelgelerini, millilik, däp-dessur we edep-terbiýe kadalaryny, sagdyn-durmuş ýörelgelerini, maşgala gymmatlygyny, ýaş nesillerde türkmen halkyna mahsus bolan asyllylygy, ar-namyslylygy, arassa ahlaklylygy, ula hormat, kiçä sarpa goýmagy terbiýelemek dogrusynda çykyş etdiler.

Wagyz-nesihat duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşanlar, berkarar döwletde täze taryhy döwri peşgeş berip bagtyýar durmuşda ýaşadýan, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş sözlerini beýan etdiler.

Döwrandurdy ORAZDURDYÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Balkan welaýatynyň Bereket etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

26 Noýabr 2025 | 26 okalan

«ÝAŞLAR – WATANYŇ DAÝANJY»

26 Noýabr 2025 | 34 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

25 Noýabr 2025 | 30 okalan

MERDANA NESIL – 2025