«MERDANA NESIL – 2025» ATLY ŞADYÝAN BÄSLEŞIGIŇ BERKARARLYK ETRAP TAPGYRY GEÇIRILDI

Ýakynda Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 80-nji orta mekdebinde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde Halkara Bitaraplyk güni hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň ykrar edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli umumybilim berýän mekdepleriniň 3 – 5-nji synplarynda okaýan oglanlarynyň arasynda yglan edilen «Merdana nesil – 2025» atly şadyýan bäsleşiginiň Berkararlyk etrap tapgyry geçirildi. Bu bäsleşik 3 şertden ybarat bolup, oňa gatnaşýan okuwçy oglanlar özleriniň berkarar döwletimizi wasp edýän goşgularyny, aýdym-sazlaryny, degişme sahnalaryny ýerine ýetirdiler. Bäsleşik diýseň şadyýan, gyzykly we çekeleşikli geçdi. Eminleriň gelen netijesi boýunça I orna Aşgabat şäheriniň 24-nji orta mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy Täçliýew Myrat, II orna Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 80-nji orta mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy Gurbanow Rahmanberdi, III orna Aşgabat şäheriniň 10-njy orta mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy Bäşimow Rejepguly mynasyp boldular. Bu bäsleşikde I we II orunlary eýelän okuwçy oglanlar Aşgabat şäher tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Bäsleşige gatnaşan okuwçy oglanlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary we sowgatlar gowşuryldy.

Ogulgurban SAPARDURDYÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar