«ÝAŞLAR – WATANYŇ DAÝANJY»

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrap Geňeşi bilen etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda Türkmenbaşy etrabynyň 2-nji orta mekdebinde okuwçylaryň arasynda hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitaby boýunça döredijilik bäsleşigi geçirildi.

Gyzykly geçen bäsleşikde ýeňiji bolan okuwçylara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrap Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary we sowgatlar gowşuryldy.

Döredijilik bäsleşiginiň ahyrynda oňa gatnaşanlar, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Gülbagt PÜRÇIKOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň

sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

26 Noýabr 2025 | 24 okalan

«ÝAŞLAR – WATANYŇ DAÝANJY»

26 Noýabr 2025 | 31 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

25 Noýabr 2025 | 28 okalan

MERDANA NESIL – 2025