Türkmen milli nagyşlary – bu diňe bir bezeg bolman, eýsem türkmen halkynyň gadymy taryhyny, dünýägaraýşyny, arzuw-hyýallaryny we dessurlaryny özünde jemleýän bahasyna ýetip bolmajak medeni mirasyň aýrylmaz bölegidir. Halydyr, keçelerde, milli egin-eşiklerde we zergärçilikde janlanýan bu nagyşlar, nesilden-nesle geçip gelýän sungat eserleridir.
Türkmen nagyşlarynyň her bir çyzygy, her bir reňki aýratyn bir manyny aňladýar. Olar tebigat, maşgala, agzybirlik we bagt baradaky gadymy ynamlardan gözbaş alýar.
Türkmen milli nagyşlary gadymy döwürlerden bäri öz gözelligini saklap biziň günlerimize ýetmegi, türkmen zenanlarynyň medeniýete, däplere we el işine bolan çuňňur hormatynyň aýdyň mysalydyr. Nagyşlaryň dowamlylygy diňe bir sungat bolman, eýsem maşgala gymmatlygy we terbiýe mekdebi bolup hyzmat edýär.
Häzirki döwürde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda milli mirasymyza, şol sanda milli nagyşlarymyza uly üns berilýär.
Türkmen milli nagyşlary – bu türkmen zenanlarynyň ruhy we kalby. Olar diňe bir gözellik bolman, eýsem asuda durmuşyň, agzybirligiň, döredijiligiň we geljege bolan ynamyň egsilmez nyşanydyr.
Näzik ATAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Merkezi Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.












