ÖSÜŞI ILERLEDÝÄN DÖWLET ÄHMIÝETLI WAKALAR

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda döwletimiziň gazanýan her bir üstünligi, ýetýän sepgitleri, amala aşyrýan beýik işleri bagtly geljegiň we egsilmez döwletliligiň gönezligidir. Halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak döwlet syýasatynyň esasy ugrudyr. Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda ägirt uly meýilnamalary üstünlikli durmuşa geçirýän, döwrüň iň täze we kämil mümkinçiliklerini gündelik ýaşaýşyň her bir ädiminde ornaşdyrýan halkymyz özleri üçin edilýän belent aladanyň ähmiýetine hem-de gymmatyna çuňňur düşünýär. Her günümiz köňüllere hem-de taryhyň sahypasyna zer syýalar bilen ýazylýar. Munuň şeýledigine geçen hepdäniň möhüm wakalaryna nazar aýlamak bilen hem göz ýetirip bolýar.

Ajaýyp hem-de kaşaň ymaratlary, edara binalary we ýaşaýyş jaýlary bilen zamanabap gözelligiň nyşanyna öwrülen, Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna ençeme gezek girmegi başaran paýtagt şäherimizde ýakyn geljekde nobatdaky täze gurluşyklar peýda bolar. Halkara maslahatlar merkezi we kaşaň myhmanhana, «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň, «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň, şeýle hem Hökümet münberiniň binalary şol gurluşyklaryň hataryndadyr. Milli Liderimiziň gol çeken resminamalaryna laýyklykda, olaryň taslamasyny düzmek we bina etmek «Buig Batiman Internasional» fransuz kompaniýasyna ynanyldy.

***

14-nji fewralda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda paýtagtymyzda edara binalaryny we söwda merkezlerini özünde jemleýän desgalaryň iri toplumyny ulanmaga bermek dabarasy geçirildi. Milli Liderimiziň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine bölünip berlen, umumy meýdany 69 gektara deň bolan ýer böleginde, ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrylan ýüze golaý üç gatly binalary gurmak we ulanmaga bermek üçin bu taslama TSTB 1 milliard manat maýa goýumyny gönükdirdi. Täze binalaryň toplumynda söwda merkezleriniň ençemesi bolup, olarda türkmen telekeçileriniň öndüren gurluşyk serişdelerini, elektronika, himiýa önümlerini, mebellerini elýeterli bahalardan satyn almak bolýar. Türkmen telekeçileriniň öndüren önümleri daşary ýurtly görnüşleri bilen deňeşdireniňde, hili we bahasy boýunça artykmaçlyklary bilen tapawutlanýar.

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çägindäki Owadandepe senagat zolagynda kuwwatly gurluşyk toplumy kemala geldi. Sebitde deňi-taýy bolmadyk «Türkmen aýna önümleri» kärhanasynyň ulanylmaga berilmegi bu iri toplumyň üstüni ýetirdi. Amala aşyrylýan bu taslamanyň esasynda ýurdumyzda ilkinji gezek ulanylýan «float» usuly bilen aýna öndürmegiň öňdebaryjy tehnologiýasy ornaşdyryldy.

16-njy fewralda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa welaýatlaryň, şäherleriň we etraplaryň häkimleriniň, ýokary okuw mekdepleriň rektorlarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdy. Mejlisde döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan meselelerine garaldy. Aziýa sebiti boýunça goňşy ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak wezipesi hakda durlup geçildi. Türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň köpugurly ulgamynyň döredilmegi, halkara energiýa serişdeleriniň iberilmeginiň ygtybarlylygynyň we goraglylygynyň üpjün edilmegi ýurdumyzyň energetika strategiýasynyň möhüm ugry bolup durýar.

Öňümizdäki günler diňe bir Türkmenistan döwletimiziň däl, eýsem tutuş Merkezi Aziýa döwletleriniň ykbalyna oňyn täsir etjek uly wakalara baý bolar. 23-nji fewralda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň owgan böleginiň, optika-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň hem-de Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň gurluşygynyň başlanmagyna badalga berler. Ýurdumyzyň dolulygyna öz hasabyna guran Serhetabat — Turgundy demir ýoly açylar.

26-njy fewralda Lebap welaýatynda Halkara howa menziliniň dabaraly açylyşy bolar. Dünýäniň sport muşdaklarynyň ünsüni özüne çekjek «Amul — Hazar 2018» awtoralli, welosiped we ylgaw ýaryşlaryna badalga berler. Bu ýaryşlar Ýüpek ýolunyň ugry boýunça geçiriler. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, Beýik Ýüpek ýolunyň mirasyny we onuň bilen bagly milli mirasymyzy giňden wagyz etmäge gönükdirilen «Amul — Hazar 2018» halkara sport çäreleriniň ähmiýeti örän uludyr. Özünde medeni we sagdynlyk ýörelgelerini birleşdirýän şeýle çäreler jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmäge ýardam eder, ülkäni öwrenişiň ösdürilmegini höweslendirer, ýurdumyzyň taryhyna gyzyklanmany has-da artdyrar.

Geçen hepdäniň döwlet ähmiýetli wakalarynyň diňe atlarynyň özi uly sanawy emele getirýär. Olaryň döwletimiziň ykdysadyýeti, senagaty, medeniýeti, halkymyzyň bolelin we eşretli durmuşynyň hilini has täze derejelere ýetirmekdäki ähmiýeti, taryhy beýany we tarypy bolsa söz bilen beýan ederden örän beýikdir. Beýik ösüşleriň sermaýasy bolýan bu wakalaryň ählisi hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen belent ýörelgesiniň has-da dabaralanýandygyny subut edýär.

“Nesil” gazeti,

20.02.2018ý.

Meňzeş habarlar