Sport — sagdynlygyň we ruhubelentligiň gözbaşy

Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýurdumyzda sporty ösdürmäge bagyşlanan giňişleýin ýörite mejlisini geçirdi.

 Giňişleýin mejlise gatnaşmak üçin halkara guramalarynyň, Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň orunbasarlary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, gazet-žurnallaryň redaktorlary, jemgyýetçilik hem-de sport guramalarynyň ýolbaşçylary we beýleki ýolbaşçylar çagyryldy.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde soňky ýyllarda ýurdumyzda sporty ösdürmäge örän uly üns berilýär. Bu ugurda gurlan we gurulýan desgalaryň hatarynda birnäçe sport mekdeplerini we desgalaryny, Olimpiýa şäherçesini görkezmek bolar. Olimpiýa şäherçesinde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary üstünlikli geçirildi.

Ýurdumyzyň türgenleri halkara sport ýaryşlaryna işjeň gatnaşýarlar. Olar bu ýaryşlarda baýrakly orunlary eýeläp, medallara, şol sanda altyn medallara hem mynasyp bolýarlar. Şu ýyl hem Türkmenistanda halkara ähmiýetli iri sport çäreleriniň birnäçesi geçiriler. Olaryň geçiriljek döwrüne çenli az wagt galdy. Şoňa görä-de, biz gysga wagtyň içinde bu sport çärelerine düýpli taýýarlyk görmek boýunça köp işleri amala aşyrmalydyrys diýip, milli Liderimiz nygtady.

Ýurdumyzda geçiriljek «Amul — Hazar 2018» halkara awtoralli ýaryşyna tutuş dünýä jemgyýetçiligi uly gyzyklanma bildirýär.

Beýik Ýüpek ýolunyň taryhyny we döwrebap ähmiýetini dünýä jemgyýetçiligine ýaýmak, wagyz etmek hem-de ýurdumyzda awtomobil sportuny ösdürmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Diýarymyzda halkara rallini üstünlikli geçirmek we köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan etmek, ýaryşlara meşhur türgenleriň gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen, «Africa Eco Race» kompaniýasy bilen şertnama gol çekildi. Içeri işler ministrliginiň Sport ulag merkezinde häzirki wagtda Türkmenistanyň ýygyndy toparyna wekilçilik etjek sürüjileri, şturmanlary we tehniki düzümi taýýarlamak üçin ýörite okuwlar guralýar.

Döwlet Baştutanymyzyň 2011-nji ýylyň 21-nji ýanwaryndaky Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň 2011 — 2020-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasyny» durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe hereketini şol sanda awtomobil sporty boýunça ýokary netijeli sporty goldamak boýunça işler durmuşa geçirilýär.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň ýygyndy toparynyň halkara awtoralli ýaryşlaryna gatnaşmagy üçin tehniki üpjünçilik Awtomobil sporty halkara federasiýasynyň talaplaryna doly laýyk gelýär. Türkmen awtosportçylarynyň «Amul — Hazar 2018» iri möçberli ýaryşlarda baýrakly orunlary almagy üçin taýýarlyk işleri Içeri işler ministrligi, Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi hem-de Türkmenistanyň Awtomobil sporty federasiýasy tarapyndan tassyklanylan maksatnama laýyklykda alnyp barylýar.

Milli Liderimiziň sportuň şu görnüşi bilen meşgullanmagynyň hem-de sport awtoulagyny çylşyrymly emeller bilen dolandyrmakda görkezýän ýokary derejeli ussatlygynyň ýaş türgenlerimiz üçin görelde mekdebi bolup hyzmat edýändigi aýratyn nygtaldy. Hormatly Prezidentimiz «Amul — Hazar 2018» halkara awtoralli ýaryşynyň çäklerinde 2018-nji ýylyň 12-nji maýynda geçirilen awtoralli ýaryşyna gatnaşmagy we nobatdaky gezek ajaýyp netijäni görkezmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Gahryman Arkadagymyzyň bu sport üstünlikleri ýurdumyzyň türgenlerini halkara ýaryşlarynda täze ajaýyp ýeňişleri gazanmaga ruhlandyrýar.

Sport maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak we giňeltmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen we ýolbaşçylygynda görlen çäreleriň netijesinde eziz Diýarymyzyň ähli sebitlerinde, şol sanda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dünýä ölçeglerine kybap gelýän iri sport hem-de atçylyk sport toplumlary, stadionlar, ýöriteleşdirilen sport mekdepleri, Aşgabat şäherinde bolsa sebitde deňi-taýy bolmadyk ajaýyp Olimpiýa şäherçesi bina edildi. Şeýlelikde, dünýä ölçeglerine hem-de Halkara Olimpiýa komitetiniň talaplaryna laýyk gelýän milli sport ulgamy döredildi.

Şu ýylyň 28-nji oktýabry — 10-njy noýabry aralygynda türkmen paýtagtynda geçiriljek Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyna köpsanly türgenleriň, şeýle hem resmi wekilleriň, ýokary derejeli myhmanlaryň gelmegine garaşylýar. Bu çempionatda ýeňiş gazanan türgenler 2020-nji ýylda Ýaponiýada geçiriljek Tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga ýollanma gazanarlar.

BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edilen hem-de türkmen Lideriniň ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek boýunça alyp barýan syýasatynyň dünýä ykrarnamasynyň ýene-de bir subutnamasy bolan Bütindünýä welosiped gününe gabatlanyp geçirilmegi göz öňünde tutulýan çärelere taýýarlyk görülýär.

Şu ýyl 3-nji iýunda Bütindünýä welosiped güni ilkinji gezek belleniler. Şonuň bilen baglylykda hem-de Durnukly Ösüş Maksatnamalaryny durmuşa geçirmek, welosiped sportunyň mümkinçiliklerinden has netijeli peýdalanmak babatda döwlet Baştutanymyzyň garamagyna birnäçe teklipler, şol sanda Türkmenistanda sportuň şu görnüşi boýunça dünýä, yklym we sebit derejesindäki çäreleri hem-de halkara usulyýet maslahatlaryny we sport okuw maslahatlaryny geçirmek boýunça teklipler hödürlenildi.

Mejlisde Russiýanyň Welosiped sporty federasiýasynyň prezidenti, bütin dünýä belli türgen Wýaçeslaw Ýekimowa söz berildi. Ol şeýle hormatly maslahatyň öňünde çykyş etmegiň özi üçin uly mertebedigini nygtady.

Myhman pursatdan peýdalanyp, ilkinji nobatda, hut milli Liderimiziň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan eden Rezolýusiýasyny kabul edendigi bilen türkmen Liderini tüýs ýürekden gutlady.

Hormatly Prezidentimiz mazmunly çykyşy we hoşniýetli sözleri üçin Russiýanyň Welosiped sporty federasiýasynyň ýolbaşçysyna minnetdarlyk bildirip, ýaňy-ýakynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ýurdumyzyň başlangyjy boýunça 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmek barada Rezolýusiýany kabul edendigine mejlise gatnaşyjylaryň ünsüni çekdi. Şundan ugur alyp, häzir ýurdumyzda sporty mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, döwlet Baştutanymyz bu senäni bellemek hakyndaky Permana gol çekdi.

Şeýle hem 3-nji iýunda ir sagat 7-den agşam sagat 19-a çenli paýtagtymyzyň ýollarynda awtoulaglaryň hereketini çäklendirmek hakynda tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiziň 2018-nji ýylyň 24-nji martyndaky Karary esasynda ýurdumyzda geçirilýän halkara sport ýaryşlarynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek, Türkmenistanyň ýygyndy toparlaryny ýokary derejede taýýarlamak bilen bagly çykdajylary maliýeleşdirmek maksady bilen, ministrlikde Ýörite gazna döredildi.

Bu Ýörite gaznanyň serişdeleriniň netijeli ulanylmagyny üpjün etmegiň wajypdygyny nygtap, sportuň bu görnüşiniň ösüp gelýän nesilleriň arasynda giňden wagyz edilmegi üçin, ýaş welosiped söýüjileriň hereketini döretmäge ýardam etmegi, ýaş türkmenistanlylaryň arasynda bu ugurda gyzykly çäreleri we ýaryşlary geçirmegi tabşyrdy. Bu ýaryşlaryň jemleri her ýyl Bütindünýä welosiped gününde jemleniler.

Hormatly Prezidentimiz şu ýyl geçiriljek Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty barada durup geçip, ony geçirmek hakyndaky Düzgünnamany Halkara agyr atletika federasiýasy bilen ylalaşyp tassyklamagyň zerurdygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz gürrüňi dowam edip, Dopinge garşy göreş baradaky milli agentlige, Milli olimpiýa komitetine, Sport we ýaşlar syýasaty ministrligine, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda doping-ofiserleriň işiniň netijeli guralmagyny üpjün etmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ýurdumyzda geçirilýän halkara ýaryşlaryny giňden beýan etmek, «Amul — Hazar 2018» halkara awtoralli ýaryşynyň geçiriljek ugurlarynda esasy düşelgelerini kesgitlemek hem-de olarda şu ýaryşlara gatnaşyjylaryň dynç almagy üçin medeni çäreleri guramak boýunça tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen mekdeplerde geçirilýän bedenterbiýe sapaklarynda dürli netijeli usullary ulanylýar, orta mekdepleriň we ýokary okuw mekdepleriniň arasynda ýaryşlar yzygiderli geçirilýär. Türgenler, şeýle hem sporty söýüjiler üçin sport bilen meşgullanmagyň kada görkezijileriişläp taýýarlanylýar, ilatyň arasynda ýaramaz endikleriň adam bedenine erbet täsiri we sagdyn durmuş ýörelgesiniň peýdasy barada köpçülikleýin wagyz-nesihat işleri geçirilýär.

Ýurdumyzda alnyp barylýan iri häzirki zaman sport toplumlaryny we stadionlary gurmak bilen bir hatarda, ilatyň gür ýerleşýän ýerlerinde kiçi sport meýdançalaryny we kiçi bedenterbiýe-sagaldyş toplumlaryny goşmaça gurmagy hem göz öňünde tutulýar. Durmuşa ornaşdyrylýan her bir işler halkymyzyň, hususan-da ýaşlaryň abadan geljegine gönükdirilendir.

Türkmenistanyň Prezidentiniň

PERMANY

Bütindünýä welosiped gününi bellemek hakynda

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmek baradaky Rezolýusiýasyndan ugur alyp hem-de Garaşsyz Watanymyzda bedenterbiýäni we sporty wagyz etmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň ornaşdyrmak, ösüp gelýän ýaş nesli sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek, Bitarap Watanymyzyň halkara sport abraýyny has-da belende götermek, ýurdumyzda welosiped sportuny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasynyň birinji bölegine laýyklykda, karar edýärin:

1. Bütindünýä welosiped gününi her ýylyň 3-nji iýunynda belläp geçmeli.

2. Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi Bütindünýä welosiped gününiň ýokary derejede guramaçylykly bellenip geçilmegini üpjün etmeli.

3. Ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary hem-de welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri Bütindünýä welosiped gününiň ýokary derejede guramaçylykly bellenip geçilmegine ýardam bermeli.

4. Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde şu Permandan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamaly we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermeli.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Aşgabat şäheri, 2018-nji ýylyň 22-nji maýy.

“Nesil” gazeti,

24.05.2018ý.

Meňzeş habarlar