25-nji maýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine Prezident maksatnamasyny, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişi, halkymyzyň bagtyýarlygynyň, abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen içeri syýasatyň möhüm wezipeleri bilen baglanyşykly meseleler girizildi.
Häzirki wagtda welaýatlarda gowaça ideg etmek işi dowam edýär, hatarara bejergi geçirilýär. Gögeriş gazanylan ýerlerde ýekelemek hem-de mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar. Şol sanda ýetişdirilen hasyly ýygnamaga taýýarlyk görülýär. Kombaýnlaryň we hasyly kabul ediş bölümlerine öz wagtynda daşamaga niýetlenen awtoulaglaryň, kabul ediş bölümleriniň, elewatorlaryň, ammarlaryň işi ýola goýulýar.
Hormatly Prezidentimiz Ahal, Mary, Lebap welaýatlarynda 6-njy iýunda, Daşoguz we Balkan welaýatlarynda 13-nji iýunda galla oragyna başlamaga ak pata berdi. Daýhanlaryň netijeli zähmet çekmegi ene toprakdan ýokary hasyl almak üçin döwletimiz tarapyndan ähli zerur şertler döredilýär. Şeýle mümkinçiliklerden peýdalanyp oba hojalyk işgärleri uly üstünlikleri hem gazanýarlar. Gallaçy daýhanlarymyzyň gazanýan üstünlikleri has-da guwandyrýar. «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen ýylda hem olaryň yhlasly we halal zähmeti netijesinde ekin meýdanlarynda gallanyň bol hasyly ösdürilip ýetişdirildi diýip, milli Liderimiz belledi.
Ýurdumyzyň esasy maliýe meýilnamasy «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018 — 2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasy» esasynda 2019-njy ýyl üçin Maýa goýum maksatnamasynyň taslamalaryny taýýarlamak göz öňünde tutulýar.
Milli Liderimiz ýaşaýşyň ýokary derejesini üpjün etmegiň, ilatyň abadançylygyny ýokarlandyrmagyň, raýatlarymyzyň durmuş taýdan goraglylygyny gowulandyrmagyň häzirki döwrüň esasy wezipeleriniň hatarynda durýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda BMG-niň «Müňýyllygyň ösüş maksatnamalary» atly maksatnamasyny durmuşa geçirmek hakynda Türkmenistanyň degişli milli maksatnamasy kabul edildi. Bu işde parahatçylygy we abadançylygy, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň möhüm şerti bolup durýandygyny, onuň döwlet syýasatyny amala aşyrmakda esasy ýörelge hasaplanylýandygyny milli Liderimiz belledi.
Ýurdumyzda gazhimiýa ulgamynda amala aşyrylýan taslamalar hem-de tebigy gazy paýlamakda we ulanmakda işewürligiň netijeliligini ýokarlandyrmaga, nebitgaz pudagy üçin ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamaga aýratyn üns berilýär. 23-24-nji maýda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Türkmenistanyň IX halkara Gaz kongresiniň çäklerinde oňa gatnaşyjylar «tegelek stoluň» başynda geçirilen Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasynyň durmuşa geçirilişi bilen tanyşdylar. Özara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly işewürler bilen duşuşyklar geçirildi.
Milli Liderimiz dünýäniň energetika döwletleriniň hataryna girýän Türkmenistanyň ägirt uly serişdeleriniň netijeli peýdalanmagyň milli ykdysadyýetimiziň uly kuwwatyny doly güýjünde ulanmaga, halkymyzyň abadançylygyny has-da ýokarlandyrmaga ýardam etmelidigini belledi.
Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen Aşgabat — Türkmenbaşy awtomobil ýoly boýunça demir ýoluň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň gurluşygy alnyp barylýar. Bu desganyň işe girizilmegi ýurdumyzyň ulag we düzümleýin babatda ösmegine, ýerli ýaşaýjylara, ýakynda ýerleşýän ilatly ýerlere gidip-gelmegi üçin has oňaýly şertleri döretmäge ýardam eder.
Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işi barada aýdyp, eziz Diýarymyzyň uzak ýaşly raýatlary barada radioda we telewideniýede gepleşikleri guramagyň hem-de metbugat neşirleriniň sahypalarynda makalalary çap etmegiň wajypdygyny belledi. Şeýle-de iýun aýynyň baýramçylyk maksatnamasynda ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň gatnaşmagyndaky konsertleri, sahnalaşdyrylan oýunlary, sergileri hem-de bäsleşikleri geçirmegiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.
Milli Liderimiz gatnaşyjylara alyp barýan işlerinde uly üstünlik, maşgala abadançylygyny we rowaçlygy arzuw edip, mejlisi jemledi.
“Nesil” gazeti,
29.05.2018ý.












