TÜRKMENISTAN — BAGTYÝAR ÇAGALYGYŇ ÝURDY

 Güneşe baý tomus paslynyň gelmegi bilen bagtyýar çagalaryň şatlykly owazlary ýurdumyzyň tutuş giňişligine gaýtalanmajak gözellik çaýýar. Okuw möwsümini tamamlan çagalary Awazadaky, gözel Gökdere jülgesindäki, hem-de ýurdumyzyň beýleki ajaýyp künjeklerindäki çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleri gujak açyp garşylaýar. Bagtyýarlygyň bar ýerinde çagalaryň şatlyk-şowhuny has belentden ýaňlanýar. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde mähir, söýgi bilen gurşalýan ýaş nesiller oňaýly şertler döredilen çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde dynç alyp, çagalyk dünýäsiniň iň ajaýyp pursatlaryny başdan geçirýärler.

Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň esasy özeninde halkyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak, şol sanda eneligi we çagalygy goramak, ýaş nesliň saglygy, terbiýesi we geljegi üçin zerur şertleri döretmek wezipeleri esasy orunda durýar. Çagalaryň durmuş goraglylygyny, hak-hukuklaryny goramak we üpjün etmek meselesinde Türkmenistanda umumy ykrar edilen halkara kanunçylygyna möhüm orun berilýär. Bu babatda biziň ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýýar. Döwletimiz Birleşen Milletler Guramasynyň Çaganyň hukuklary hakyndaky Konwensiýasyny tassyklady. Bu Konwensiýa halkara derejesinde esasy resminamalaryň biridir.

Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan çagalaryň saglygy, ýaşaýyş-durmuşy, olaryň hukuklaryny goramak bilen bagly birnäçe işler durmuşa geçirilýär. BMG-niň Çagalar gaznasy ýurdumyzda çagalaryň arasynda dürli çäreleriň, gyzykly bäsleşikleriň guralmagyna we olaryň täsirli geçirilmegine işeňňir gatnaşýar.

Ýaş nesil hakdaky alada mähriban Arkadagymyzyň durmuşa geçirýän ähli özgertmeleriniň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Çagalary juda ezizleýän mähriban Arkadagymyzyň ýaş nesil, bagtyýar çagalar hakdaky edýän aladalary, tagallalary sanardan kän. Şolaryň käbiri hakda durup geçeliň!

BAGTLY ÇAGALYGYŇ «ÄLEMI»

2012-nji ýylda tomusky dynç alyş möwsüminiň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz bagtyýar döwrümiziň bagtly çagalaryna «Älem» medeni-dynç alyş merkezini sowgat etdi. Daş-töweregi gezelenç edilýän giň zolakly, köpçülikleýin dabaralary geçirmek üçin suw çüwdürimli meýdançalary bolan, umumy meýdany 26 müň inedördül metr töweregi bolan «Älem» medeni-dynç alyş merkezi Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen gözel paýtagtymyz Aşgabadyň görküne görk goşdy. «Älem» medeni-dynç alyş merkezindäki esasy desganyň — älemiň baky aýlawyny aňladýan, daş-töwerege syn etmäge niýetlenen aýlanýan ajaýyp hiňňildigiň dünýäde şunuň ýaly desgalaryň iň ulusy hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi bolsa ýene bir şatlykly habar boldy. «Älem» muzeýinde Galaktikamyzyň çäklerine aralaşmaga, älemiň syrlary bilen tanyşmaga mümkinçilik berýän ýokary tehnologiýaly enjamlar, muzeýde ýerleşdirilen eksponatlar, kosmos gämisiniň we Gün ulgamyndaky planetalar bilen tanyşdyrýan otaglar çagalarda uly gyzyklanma döredýär. Asman giňişliginiň syrly dünýäsine aralaşmaga, planetalar barada çuň hem giň ylmy maglumatlary almaga ýörite otaglaryň bolmagy olary gyzykly bir asman giňişligine alyp gidýär.

«ÇAGALAR DÜNÝÄSI» — SYRLY DÜNÝÄ

Binanyň «Çagalar dünýäsi» adynyň tüýs ýerine düşenligine onuň içine gireniňde has-da göz ýetirýärsiň. Çagalar üçin niýetlenen dürli harytly dükanlar, kiçi ýaşly çagalar üçin niýetlenen oýun enjamlary, restoran, 40 orunlyk kafe özboluşly gurluşly binanyň içinde örän ýerlikli ýerleşdirilipdir. Umumy meýdany 15 müň inedördül metr bolan binanyň daş-töweregi hem çagalaryň ünsüni çeker ýaly bezeglere baý. Binanyň daşynda oturdylan ekranda çagalaryň söýgüli multfilmleriniň görkezilmegi olaryň bu bina has-da imrikmegine ýardam edýär.

ŞATLYK PAÝLAÝAN MERKEZLER

Daglaryň goýnunda gözellige beslenen gözel Gökdere jülgesi bu gün sowulmaz baharyň, bagtyýarlygyň ajaýyp mesgenini ýadyňa salýar. Gahryman Arkadagymyzyň sahawatly saýasynda sapaly dynç alýan, unudylmajak täsinliklere baý möwsümiň her gününi gyzykly hem manyly geçirýän körpe nesliň bagtdan, şatlykdan doly näzik sesleri döwrümiziň gözel görküni has-da bezeýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Gökdere jülgesinde «Altyn damja», «Altyn ýyldyz», «Demirýolçy», «Ýaşlyk», «Nesil», «Çynar», «Şöhle», «Çeşme», «Altyn sümmül», «Nebitçi», «Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri» çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezleriniň ençemesi gurlup, bagtyýar çagalaryň ygtyýaryna berildi. Bu merkezlerde her ýyl çagalaryň müňlerçesi öz saglyklaryny berkidip, şadyýan dynç alýarlar.

Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde kemala gelen iri taslamalarynyň biri bolan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň düzüminde hem körpe nesillere niýetlenen desgalaryň birnäçesi öz ornuny tapdy. Hazar deňziniň türkmen kenarynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy bütin dünýäde meşhurlyga eýe boldy. Gojaman Hazaryň kenarynda ýerleşýän «Daýanç» we «Arzuw» sagaldyş we dynç alyş merkezleri tomus aýlary çagalaryň şadyýan gülküleri bilen dolýar. Şeýle hem bu ajaýyp merkezde dünýäniň dürli döwletlerinden gelen çagalaryň hem ýüzlerçesi dynç alýarlar. Gojaman Hazaryň kenarynda dünýäniň zehinli çagalarynyň festiwallaryny, bäsleşiklerini geçirmek hem asylly däbe öwrüldi.

Deňiz gözelligini küýseýän, deňiz kenarynda dynç almaga höwesek çagalarymyzyň islegi ýyl-ýyldan artýar. Syýahatçylygyň ajaýyp mekanyna öwrülen Awazada gurlan kaşaň myhmanhanalar, kottejler, ähli amatlyklary bolan çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleri, şeýle-de sport desgalary halkyň hyzmatynda. Hazaryň jadylaýjy kenarynda dynç alýan bagtyýar çagalaryň gülki sesleri ak çarlaklaryň owazyna goşulyp, bu ýerdäki hezil günler toý-baýramlara beslenýär.

Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde çagalar üçin ägirt uly işler amala aşyrylýar. 2015-nji ýylyň dekabrynda Mary welaýatynyň Mary etrabynda «Arkadagyň bagtyýar nesilleri» atly döwrebap çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezini mähriban Arkadagymyzyň hut özüniň ak pata bermeginde açylyp ulanylmaga berilmegi biziň şatlygymyza şatlyk, buýsanjymyza buýsanç goşdy. Ýokary tehnologiýalar bilen üpjün edilen türgenleşik geçmäge niýetlenen sport zallary, owadan bezegler bilen bezelen oýun otaglary we meýdançalary, maslahatlar zaly, medeniýet merkezi, kompýuter otaglary, giň naharhana, kinoteatr, ak mermere beslenen kaşaň ymarat çagalaryň hyzmatynda. Şeýle-de merkezde köpçülikleýin çäreleri geçirmek üçin amfiteatr, ýüzülýän howuz, lukmançylyk merkezi ýerleşdirilipdir. Şeýle ajaýyp şertler bilen üpjün edilen sagaldyş-dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalarymyz bagtyýar.

2015-nji ýylyň güýzünde açylyp ulanylmaga berlen Daşoguz şäheriniň etegine gol berip oturan gözel künjekde ýerleşýän «Bagtyýar nesil» atly çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezi bagtyýarlygyň hem şatlygyň merkezidir. Bu merkez ähli amatlyklary özünde jemläp, iň kämil enjamlar ornaşdyrylan okalga, kompýuter otaglary, suw attraksionlary, üsti ýapyk we açyk meýdandaky howuzlar bagtyýar çagalaryň şadyýan owazlary bilen gurşalýar.

2015-nji ýylyň 26-njy iýunynda Amyderýa jülgesinde Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda «Bagtyýarlyk» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkeziniň açylyşyna milli Liderimiziň hut özüniň ak pata bermegi ýaş türkmenistanlylar üçin ýatdan çykmajak şatlykly wakalaryň biri boldy. Bu ýerde birbada çagalaryň 300-siniň dynç almagy, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmagy üçin ähli şertler döredilendir. Suw attraksionlary, açyk we ýapyk suw howuzlary, özboluşly akwapark, kinoteatr, amfiteatr, kompýuter otaglary, kitaphana — bularyň ählisi ýaş nesilleriň ygtyýarynda.

2016-njy ýylyň 25-nji maýynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Balkan welaýatynyň Serdar şäherinde 300 orunlyk «Dürdäne» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezi açylyp ulanylmaga berildi. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän döwrebap tehnikalar bilen üpjün edilen okuw hem-de kompýuter otaglary, 66 orunlyk kinozal we 270 orunlyk mejlisler zaly, kitaphana, suwda ýüzmek üçin açyk we ýapyk suw howuzlary, tennis kortlary we basketbol, woleýbol, futbol oýnamak üçin sport meýdançalary ýaş nesilleriň şatlygyny goşalandyrýar. Şunuň ýaly çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň diňe bir iri seýilgäh zolaklarynda däl, eýsem, welaýatlarymyzyň dürli künjeklerinde hem gurulmagy mähriban Arkadagymyzyň ýaş nesiller dogrusyndaky edýän aladalarynyň miwesidir.

SEÝILGÄHLER — WATANYMYZYŇ AJAÝYP KÜNJEGI

Seýilgähler we seýil baglary şäherleri täze keşbe getirýän binagärlik toplumlarynyň ajaýyp aýratynlygydyr. Paýtagtymyzda we ýurdumyzyň ähli ýerlerinde ynsan yhlasy bilen döredilýän gözellikler açyk asmanyň astynda çagalaryň oýunlara güýmenmegi, wagtlaryny şadyýan geçirmekleri üçin döredilen ajaýyp mümkinçiliklerdir.

2014-nji ýylyň 24-nji maýynda «Aşgabat» medeni-dynç alyş seýilgähiniň açylyşy uly dabaralara beslendi. Gür baglyga bürenip oturan seýilgähde çagalaryň wagtlaryny şadyýan geçirmekleri üçin birnäçe oýun attraksionlary hyzmat edýär.

2015-nji ýylda Hazaryň jadyly kenarynda bagtyýar nesilleriň şatlygyny goşalandyran üç sany seýilgäh açylyp ulanylmaga berildi. «Älemgoşar», «Deňiz merjeni», «Jadyly kenar» atly seýilgähleriň birbada açylmagy «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda çagalar üçin döredilen mümkinçilikleri has-da baýlaşdyrdy. Oýun oýnalýan desgalaryň elliden gowragyny, şol sanda 15-den gowrak attraksionlary bolan «Älemgoşar» seýilgähindäki «Gürleýän agaç» misli bir ertekiler dünýäsine syýahata alyp gidýäne meňzeş. Deňziň dür-monjugy deý lowurdap duran «Deňiz merjeni» dynç alyş seýilgähinde dürli oýun attraksionlary bilen bir hatarda türkmen topragynyň gadymy meşhur ýadygärlikleriniň özboluşly nusgalary jemlenipdir. «Jadyly kenar» seýilgähi hem dürli oýun attraksionlary özünde jemläp, edil jadyly kenara düşen dek gyzykly başdan geçirmelere çagyrýar. «Dinozawrlar» bilen hem ýakyndan tanşyp bolýar.

Mähriban Arkadagymyzyň çagalar, olaryň bagtyýarlygy ugrunda edýän aladasynyň bimöçber uludygyny her bir ädimde duýmak bolýar. Bu beýik işler bagtyýarlyga beslenen Türkmenistan döwletini öňküden hem gülledýär, ýaş nesliň bagtyna bagt goşýar.

Goý, baky bagtyýarlyk ýoluna düşen türkmen döwletiniň ösüşli ýoly dowamat-dowam bolsun! Öýlerimiziň hem ýüreklerimiziň soltany — körpe nesilleriň nurana geljegi, bagtyýar durmuşy hakynda ägirt uly işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!

Gülälek BABAÝEWA,

«Güneş» žurnalynyň baş redaktory.

“Nesil” gazeti,

31.05.2018ý.

Meňzeş habarlar