31-nji maýda hormatly Prezidentimiz göni aragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda Prezident maksatnamasyny we ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň degişli meýilnamalaryny ýerine ýetirmegiň barşy, şeýle hem halkymyzyň abadançylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen döwletimiziň içeri syýasatynyň esasy ugurlary bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimize ýurdumyzyň dürli pudaklaryna gözegçilik edýän wise-premýerler hasabat berdiler.
Ýurdumyzda milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, döwlet emlägini dolandyryş ulgamynyň netijeliligini artdyrmak, hususy pudagyň ornuny berkitmek, telekeçileriň işini höweslendirmek, kiçi we orta telekeçilige goldaw bermek boýunça maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar. Şeýle hem «2030-njy ýyla çenli döwür üçin Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň maksatnamasy» durmuşa ornaşdyrylýar.
Şu günler ýurdumyzyň welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleri alnyp barylýar. Welaýatlarda gowaça ideg işleri dowam edip, bugdaý oragyna we däne taýýarlamak boýunça meýilleşdirilen çäreler guramaçylykly alnyp barylýar. Türkmen topragynyň tebigatynyň ajaýyplygyny saklamaga, baýlyklarynyň netijeli peýdalanmagynyň üpjün edilmegine, bioköpdürlüligi, tebigy aýratynlyklary we suw hojalyk taslamalarynyň, şeýle hem bag nahallaryny giňden oturtmak işlerine hormatly Prezidentimiz giň mümkinçilikleri döredýär. Möhüm pudaklaryň biri bolan himiýa senagatyny ösdürmek, ony ýokary bazar bäsdeşligi şertlerinde täze sepgitlere çykarmak boýunça esasy wezipeleriň durýandygyny belläp, milli Liderimiz özümiziň çig mal serişdelerimizi giňden ulanmak, tebigy baýlyklary gaýtadan işlemegiň has netijeli ylmy işläp taýýarlamalaryny ornaşdyrmak mümkinçiliklerine daýanmagyň zerurdygyny nygtaýar.
Ak şäherimiz Aşgabadyň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gowulandyrmak, köçeleri abadanlaşdyryş işleri durmuş we inženerçilik ulgamlaryny kämilleşdirmek boýunça sazlaşykly dowam etdirilýär. Okgunly ösýän paýtagtymyzyň we sebitleriň sazlaşykly durmuşyny üpjün etmek maksady bilen goşmaça dürli kysymly awtobuslary işe girizmek göz öňünde tutulýar.
Mejlisde bellenilişi ýaly, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň gatnaşmagynda «Türkmenistanyň ulag syýasatynyň esaslary hakynda», «Oba hojalygyny ösdürmegiň döwlet düzgünleşdirmesi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalary işlenip taýýarlanyldy. Şunuň bilen birlikde, ilatyň durmuş goraglylygy, çaganyň hukuklarynyň kepilliklerini üpjün etmek, maşgala hem-de zähmet gatnaşyklary, ylym we bilim, medeniýet hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, daşky gurşawy goramak ýaly möhüm ulgamlarda hereket edýän kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmäge gönükdirilen birnäçe kanunçylyk taslamalary taýýarlanyldy.
Ýurdumyz çagalaryň saglygyny, hukugyny goramak, olara ahlak-demokratik ýörelgeler esasynda bilim-terbiýe bermek, zenanlaryň hem-de çagalaryň bähbitlerini we hukuklaryny goramak ugrunda BMG-niň Çagalar gaznasy bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýär, dünýä bileleşiginiň bu ugurdaky tagallalaryny birleşdirmäge çalyşýar.
Döwlet Baştutanymyz mähriban halkymyzy we bagtyýar körpelerimizi Çagalary goramagyň halkara güni we ýurdumyzda ilkinji gezek 3-nji iýunda belleniljek Bütindünýä welosiped güni bilen gutlap, hemmelere berk jan saglyk, uzak ömür, asuda we abadan durmuş, egsilmez bagt, bedew bady bilen ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw edip, mejlisi jemledi.
“Nesil” gazeti,
02.06.2018ý.












