«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç almaga başlan döwlet Baştutanymyz säher çagynda agtygy bilen deňziň kenarynda welosipedli gezelenç etdi.
Ýurdumyzda welosiped sportunyň ösdürilmegine uly üns berýän hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy bilen her ýylyň 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýlip yglan edildi.
Sagdyn durmuş ýörelgesiniň işjeň tarapdary we wagyz-nesihatçysy döwlet Baştutanymyz watandaşlarymyza, ozaly bilen ýaşlara şahsy görelde görkezýär.
Agtygy bilen welosipedli gezelenji guran hormatly Prezidentimiz Awazanyň binagärlik gözelliklerini we ajaýyp tebigatyny synlady.
Döwlet Baştutanymyz agtygy bilen welosipedli gezelenji tamamlap, köpugurly sport toplumynda türgenleşik enjamlarynda bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirdi.
Milli Liderimiziň sporta düýpli garaýşy Türkmenistanyň yzygiderli geçirýän durmuş syýasatynda öz beýanyny tapýar, onuň maksady watandaşlarymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak, sagdyn we ruhubelent nesilleri terbiýelemek üçin ähli şertleri döretmek bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiz dynç alyş mahalynda aýdym-saz ýa-da eser ýazmaga we ylmy iş bilen meşgullanmaga wagt tapmaga çalyşýar. Milletiň baý ruhy, döredijilik we paýhas mirasy, medeni baýlygy, tebigatynyň gözelligi we sahylygy edebi işlerinde milli Liderimize ylham çeşmesi bolup hyzmat edýär.
Döwlet Baştutanymyz «Sportly Türkmenistan» atly täze goşgynyň üstünde işlemegini dowam edip, onuň soňky setirlerini jemledi.
Sport!
Türkmenistan!
Gözel Awaza!
Ýüpek ýol uzaýar
Amul — Hazara —
diýen sözler bilen başlanýan täze goşgyny milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow agtygy Kerimgula okap berdi.
Milli Liderimiz Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek arkaly «Açyk gapylar» syýasatyny amala aşyrýan bitarap döwlet bolup durýandygyny nazara almak bilen, täze goşgyny terjime etmäge döredijilikli çemeleşip, ony iňlis diline geçirmegiň maksada laýyk boljakdygyny aýtdy. Kerimguly bu teklibe ruhubelent seslendi hem-de terjime işine höwes bilen girişdi. Döredijilik işiniň barşynda döwlet Baştutanymyz täze goşgyny türkmen dilinde, agtygy bolsa iňlis dilinde okadylar.
Soňra Kerimguly atasynyň galamyndan çykan goşgynyň notasyny ýazmaga, oňa laýyk gelýän heňi kesgitlemäge girişdi. Döwlet Baştutanymyz agtygyna döredijilik dünýäsi, onuň ähmiýeti barada aýdyp, döredilýän sungat eserleriniň ähli döwürler üçin nusgalyk bolmalydygyny belledi we bu babatda agtygyna birnäçe maslahatlary berdi.
Kerimguly özi üçin ajaýyp saz dünýäsini açyp, ähli zatda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly paýhaslaryndan ugur alýar. Hormatly Prezidentimiz milli aýdym-saz medeniýetiniň ösüşine, onuň baý däpleriniň aýawly saklanylmagyna we dowamlylygyna aýratyn üns berýär.
Döwlet Baştutanymyz halkymyzyň ajaýyp ruhy-medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolan saz sungatynyň ilkinji çeşmelerini düýpli öwrenmegiň möhümdigi barada aýtmak bilen, ýaşlary döredijilik işine höweslendirmegiň möhümdigini belleýär. Munuň özi dürli ugurlarda zehinleriň açylmagyna hem-de dünýägaraýşynyň giňelmegine ýardam edýär.
Öz ukyp-başarnyklaryny ösdürmäge, kämilleşmäge, täze bilimlere we ussatlyga eýe bolmaga ymtylýan ýaşlardan döwletimiziň we jemgyýetimiziň gülläp ösmegine mynasyp goşant goşmaga ukyply, sazlaşykly, ruhy taýdan baý şahsyýetler kemala gelýär. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlar hakdaky üns-aladany döwlet syýasatymyzda ileri tutýan ugurlarynyň biri hökmünde garaýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Taryhy-medeni ýadygärlikleri hem-de maddy däl gymmatlyklary gorap saklamak we öwrenmek hem-de giňden wagyz etmek jemgyýetiň aň-paýhas mümkinçilikleriniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Halkymyzyň özboluşly mirasy hormatly Prezidentimiziň eserleriniň köpüsinde öz anyk beýanyny tapýar.
Milli Liderimiz ine dynç günleriniň ýene bir gününi taryh, milli medeniýet, eziz Watanymyzyň tebigatynyň aýratynlyklary baradaky kitabyň üstünde işlemäge bagyşlady.
Milli Liderimiziň nobatdaky eseri dürli çeşmelere, ozaly bilen bolsa, biziň günlerimize çenli gelip ýeten gymmatly taryhy maglumatlara hem-de dokumental çeşmelere esaslanýar we «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» kitabynyň dowamy bolup durýar.
Şeýle-de milli aňyýetiň aýrylmaz bölegi bolup durýan hakyky maşgala gymmatlyklaryna belent sarpa goýýan döwlet Baştutanymyz dynç günlerini agtyklary bilen geçirip, olary döredijiligiň dürli ugurlary bilen meşgullanmaga höweslendirýär. Ähli babatda atasynyň göreldesine eýerýän Kerimguly boş wagtyny sport we saz sungaty bilen meşgullanmaga sarp edýär. Ýetginjek uly ylham bilen «Sportly Türkmenistan» atly goşga saz ýazmagyny dowam etdi.
Hormatly Prezidentimiz agtygynyň täze eserini diňläp, saz döredilende olaryň ählisini sazlaşdyrmak zerurdyr diýip doly kämillik derejesine ýetirmek üçin saz eseriniň üstünde ýene birneme işlemegi maslahat berdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz gitarada ussatlarça sazandalyk eden agtygy bilen saz eseriniň üstünde işlemegini tamamlap, türkmen we iňlis dillerinde öňde boljak «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisine, ýurdumyzyň sportunyň gazananlaryna, tebigatymyzyň täsin gözelligine bagyşlanan «Sportly Türkmenistan» atly täze aýdymy ýerine ýetirdiler. Häzirki döwrüň äheňinde döredilen bu aýdym Hazaryň ajaýyp kenarynda belent ylham bilen ýaňlandy. Bu pursat maşgala gatnaşyklarynda çagany hünäre ugrukdyrmagyň nusgalyk göreldesi bolup kalplara doldy.
“Nesil” gazeti,
12.07.2018ý.












