Paýtagtymyzyň Halkara howa menziline barýan ýolda milli Liderimiz Aşgabatda alnyp barylýan şähergurluşyk işleriniň ýagdaýyny synlady we Atamyrat Nyýazow hem-de Hoja Ahmet Ýasawy köçeleriniň çatrygynda aýak çekdi. Şol ýerde döwlet Baştutanymyzyň Kararyna laýyklykda, guruljak kaşaň «Garagum» myhmanhanasynyň taslamasy boýunça edilmeli işler maslahatlaşyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýanaşyk çäkleri abadanlaşdyrmak, onuň landşaftyna düýpli özgertmeleri girizmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.
Hususan-da, döwlet Baştutanymyz uzynlygy howa menziline baryp ýetýän seýilgäh zolagyny döretmek baradaky pikiri aýtdy. Ol diňe bir şäheriň bezegine öwrülmän, eýsem, şol ýerdäki jaýlarda ýaşaýan adamlaryň dynç almagy üçin amatly ýere öwrüljekdigini, her bir etrapda, ýaşaýyş toplumynda şeýle seýilgäh ýa-da seýilbag bolmalydygyny belledi. Çünki raýatlarymyz ýaşaýan ýerlerinden daşa gitmän, şolarda çagalary bilen gezelenç edip, suw çüwdürimleriniň golaýynda dynç almaklaryna, irki bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirip biljekdiklerini aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň şu bölegini ösdürmek meselelerine garap, bu ýerdäki 21-nji orta mekdebiň köne binada ýerleşýändigini aýtdy we bu bilim ojagy üçin täze, häzirki wagtda halkara derejesine çykýan Türkmenistanyň bilim ulgamynyň talaplaryna doly laýyk gelýän täze binalaryň gurulmagyny üpjün etmelidigini belledi.
Ýurdumyzda mekdep ýaşyna çenli we mekdep bilim ulgamynda üç dili öwrenmek üstünlikli ösdürilýär. Döwlet dili hökmünde türkmen dili, ählumumy ykdysadyýete üstünlikli goşulyşmagyň dili hökmünde iňlis dili, milletara gatnaşyklaryň dili hökmünde rus dili öwrenilýär. Türkmenistanda ýokary okuw mekdepleriniň hem-de orta mekdepleriň maksatnamasyna ýapon we koreý dilleri hem girizildi. Indi bu sanawy giňeltmek zerur bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Dünýä dilleri giňden öwredilýän mekdeplerden başga-da, tehnologik ugurly orta mekdepleri hem-de ýörite synplary döretmek zerurdyr. Şolarda inžener-tehniki işe, konstruktorçylyk pikirine isleg bildirýän zehinli çagalar okarlar diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Häzirki döwürde matematika ugurly mekdepler hem örän wajypdyr. Şolarda häzirki döwürde zerur bolan sanly ykdysadyýet hünärleri boýunça düýpli bilim berler.
Aýry-aýry mekdepler üçin himiýa-biologiýa ugurly, tebigy ylymlary öz içine alýan dersleri işläp taýýarlamak möhüm bolup durýar. Onda ösüp gelýän nesliň daşymyzy gurşap alan dünýäniň kanunlaryna has çuňňur düşünmek üçin tebigaty goraýyş, ekologiýa hünärlerine aýratyn üns berilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Umuman, paýtagtymyzyň ilatynyň sanynyň çalt köpelýändigini nazara almak bilen, ýakyn wagtda çagalar baglarynyň we mekdepleriň zerur bolan möçberini gurmak barada pikirlenmek zerurdyr. Şunda ol ýa-da beýleki ulgamlar boýunça işgärleriň bilimleriniň hem-de iş kämilliginiň zerurlygy bilen baglylykda olaryň ýörite ugurlaryny kesgitlemek wajypdyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Zehinli çagalar üçin mekdepler geçmişde galdy. Häzirki zaman bilim ulgamy ähli çagalaryň tebigy zehinlidiginden ugur almalydyr, mekdep terbiýesiniň esasy wezipesi olaryň mümkinçiliklerini açyp görkezmekden, çagalara ukyplaryny ýüze çykarmaga ýardam bermekden we olary degişli ugra gönükdirmekden ybaratdyr diýip, milli Liderimiz aýtdy hem-de sözüň doly manysynda, her bir mekdebiň zehinli çagalar üçin bolmalydygyny nygtady.
Mugallymlar we çagalaryň ene-atalary çaganyň ýykgyn edýän ugruny kesgitlemelidirler hem-de başlangyç mekdepden, hatda çagalar baglaryndan başlap onuň özüniň geljegine garaýyşlaryny kemala getirmäge ýardam etmelidirler. Dürli ugurly mekdepler, gimnaziýalar hem muňa ýardam etmäge gönükdirilendir. Şeýle mekdepleri diňe bir paýtagtymyzda däl, eýsem, welaýatlarda hem gurmak zerurdyr. Bilim ulgamyny mundan beýläk-de özgertmek we döwrebaplaşdyrmak bilen baglylykda, bu ulgamda entek edilmeli işler köpdür, şu işlere eýýäm häzirki wagtdan girişmek möhümdir diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bitewi sanly kitaphanany döretmegiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy. Şol kitaphana ähli mekdepler birikdirilmelidir, ony bütindünýä mekdep kitaphanalary ulgamyna birikdirmek mümkinçiligine garalmalydyr. Şeýle hem uly ders olimpiadalaryny — mekdebara hem-de umumy milli olimpiadalary, okuwçylar maslahatlaryny hem-de forumlaryny, bäsleşikleri geçirmek zerurdyr. Şolarda çagalar özleriniň işläp taýýarlamalaryny, pikirlerini, ylym we döredijilik babatda gazananlaryny paýlaşyp bilerler.
Milli Liderimiziň pikirine görä, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösdürmek, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak üçin uly mümkinçilikler bar. Şol mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmak bolsa bilim ulgamyndaky wezipeleri çözmek bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.
Özüniň adyna laýyklykda, myhmanhananyň binasy Türkmenistanyň täsin tebigy ajaýyplyklarynyň biri bolan Garagumuň täsin tebigatyny beýan eder. Binanyň göni burçlary hem-de altynsow aýnalary çägelik depeleriň görnüşini ýatladýar. Bu ýerde tebigy sähralykdan tapawutlylykda, myhmanlary amatlylygyň hem-de ýokary derejeli hyzmatlaryň hakyky adasy garşylar. Milli bezeg usulynyň ulanylmagy netijesinde, bu ýer ýurdumyzyň çäginden geçen Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen kerwensaraýy ýatladar. Şunda iň täze tehnologiýalar we serişdeler, täsin gurluş çözgütleri ulanylar.
Hormatly Prezidentimiz bu ýerde amala aşyrylýan işleriň hil, bezeg we ekologiýa babatda häzirki döwrüň talaplaryna hem-de ülňülerine laýyk gelmeginiň esasy görkezijiler bolmalydygyny belledi. Soňra döwlet Baştutanymyz türkmen paýtagtyny dünýäniň iň owadan hem-de ýaşamak üçin has amatly şäherleriniň birine öwürmäge gönükdirilen toplumlaýyn şähergurluşyk maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň wajypdygyny ýene-de bir gezek belläp, ýurdumyzyň günbatar sebitinde milli maksatnamalaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek maksady bilen howa menzilinden Balkan welaýatyna ugrady.
(TDH-niň maglumatlary esasynda taýýarlanyldy).
“Nesil” gazeti,
11.08.2018ý.












