Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda Prezident maksatnamalarynyň hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen beýleki maksatnamalaryň ýerine ýetirilişiniň barşyna, şeýle hem halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen döwletimiziň içerki syýasatynyň meselelerine garaldy.
Milli parlamentiň ýolbaşçysy G.Mämmedowa Mejlisiň we Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň adyndan döwlet Baştutanymyzy pagta hasylyny taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny ýurdumyzda ilkinji bolup ýerine ýetiren Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň ekerançylarynyň zähmet üstünligi bilen gutlady. Olar «ak altynyň» 9 müň 250 tonnadan gowragyny Watan harmanyna tabşyrdylar.
Döwlet Baştutanymyz hoş habar üçin minnetdarlyk bildirip, «ak altynyň» bol hasylyny ösdürip ýetişdiren türkmen pagtaçylarynyň ajaýyp üstünligi bilen ähli ildeşlerimizi gutlap, olara berk jan saglyk, bagt we abadançylyk, mähriban Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine täze zähmet üstünliklerini arzuw etdi.
Milli Liderimiz döwletimiziň geljekde hem ekerançylary, ýokary öndürijilikli işlemek, bol hasyly ösdürip ýetişdirmek üçin hem-de abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda ähli mümkinçilikleri döretjekdigini nygtady. Ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler, halkymyzyň abadan durmuşy hem-de döredijilikli zähmeti üçin geçirilýän çäreleriň ählisi biziň yglan eden «Döwlet adam üçindir!» diýen baş şygarymyzyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Hormatly Prezidentimiz ekerançylaryň ýadawsyz zähmeti bilen ýetişdirilen hasylyň iň soňky hanasyna çenli ýygnap, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etjekdiklerine berk ynam bildirdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň wekiliýetiniň Ýaponiýa iş saparynyň jemleri hakynda hasabat berdi. Türkmenistanyň wekiliýetiniň Ýaponiýa iş saparynyň barşynda resminamalaryň 8-sine gol çekildi.
Milli Liderimiz degişli ýolbaşçylara giň ugurlar boýunça türkmen-ýapon hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly, şol sanda medeni-ynsanperwer ulgamda gatnaşyklara degişli anyk tabşyryklary berdi. Hususan-da, döwlet Baştutanymyz çaý içişlik ýaly milli däp-dessurlara bagyşlanan sergileri we duşuşyklary, söhbetdeşlikleri we beýleki döredijilik çärelerini geçirmegi tabşyrdy.
2016-njy ýylda Aşgabatda Türkmenistanyň Oguzhan adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň hem-de okuw maksatnamasyna ýapon dili girizilen ýöriteleşdirilen orta mekdebiň açylmagy bu ugurda hyzmatdaşlygyň okgunly ösdürilýändiginiň aýdyň mysalydyr.
Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz sport ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň höweslendirilmegine üns bermegi tabşyrdy hem-de türkmen türgenleriniň 2020-nji ýylda Tokioda geçiriljek ХХХII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga ýokary taýýarlyk derejesini üpjün etmek barada hem görkezmeleri berdi.
Mundan başga-da, milli Liderimiz türkmen-ýapon ykdysady hyzmatdaşlygyny hem-de maýa goýum işlerini giňeltmek boýunça degişli tabşyryklary berdi, şunda nebiti we gazy gaýtadan işleýän hem-de senagat pudaklary, maliýe-bank düzümleri, kiçi we orta telekeçilik ugry, Ýaponiýada öndürilýän döwrebap ýöriteleşdirilen enjamlary satyn almak boýunça gatnaşyklary pugtalandyrmak ileri tutulýan ugurlardyr.
Döwlet Baştutanymyz aýdylanlary jemläp hem-de türkmen wekiliýetiniň Tokio şäherine iş saparynyň, umuman, üstünlikli geçendigini belläp, umumy bähbitlere kybap gelýän türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň uly mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek boýunça yzygiderli işleriň dowam etdirilmeginiň möhümdigini ýene bir gezek nygtady.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, oba hojalyk özgertmeleriniň çäklerinde yzygiderli durmuşa geçirilýän ulgamlaýyn çäreler ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny ýokary girdejili ulgama öwürmäge gönükdirilendir. Şu maksatlary durmuşa geçirmek üçin hojalygy alyp barmagyň täze netijeli usullaryny peýdalanmak, oba hojalyk toplumynda hususy ulgamyň paýyny yzygiderli artdyrmak, öňdebaryjy kärendeçileri goldamak zerurdyr. Tutuşlygyna alnanda, bularyň hemmesi döwletimiziň ykdysadyýetini pugtalandyrmaga, ilatyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga ýardam eder.
Mejlisiň barşynda döwlet Baştutanymyz ýetişdirilen pagta hasylyny gysga möhletde we ýitgisiz ýygnap almagy üpjün etmegiň öňde durýan möhüm wezipedigine we möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmeklige aýratyn ünsi çekdi.
Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde Dokma senagaty ministrliginiň Modeller öýüniň önümçilik binasynda ýylda 23 müň sany örme önümlerini öndürmek ýola goýuldy. Önümçiligiň daşary ýurtlaryň öňdebaryjy enjamlary hem-de tikin enjamlary bilen enjamlaşdyrylmagy ulular we çagalar üçin dürli görnüşlerini, sport lybaslaryny öndürmäge mümkinçilik berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dokma senagatynyň milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Munuň özi ykdysadyýetiň beýleki ulgamlarynyň sazlaşykly ösmegine, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlandyrylmagyna ýardam edýär. Iň täze tehnologiýalaryň esasynda ekologiýa taýdan arassa serişdelerden dünýä ölçeglerine kybap gelýän dokma önümleri öndürilýär we daşary ýurtlara iberilýär.
Milli Liderimiz ýerli çig malyň esasynda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi ösdürmek boýunça işleri mundan beýläk-de dowam etmegiň wajypdygyny aýtdy.
Noýabr aýynyň birinji ongünlüginde Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty geçiriler. Halkara çäreleriniň hatarynda Russiýanyň kino günleri, ýapon filmleriniň festiwaly, koreý medeniýeti bilen tanyşlyk çäreleri bar. Italýan saz toparynyň çykyşy hem-de Gazagystanyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň çäklerinde birnäçe çäreler göz öňünde tutulýar.
Söwda-senagat edarasynyň binasynda her ýyl geçirilýän «Bilim we sport Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe» atly halkara sergisi we ylmy maslahaty guralar. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň 20 ýyllygy mynasybetli ylmy-amaly maslahat we sergi geçiriler.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen gününe hem-de bu guramanyň baýraklarynyň gowşurylmagyna bagyşlanyp dabaraly çäreler geçiriler. Noýabr aýynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda ýokary okuw mekdepleriniň hem-de orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda yglan edilen döredijilik bäsleşiginiň jemleri jemleniler.
Paýtagtymyz Aşgabatda şu ýylyň 28-nji oktýabry — 10-njy noýabry aralygynda Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty geçiriler.
Dünýä derejeli agyr atletikaçylaryň bu bäsleşigine Afrikadan, Ýewropadan, Aziýadan, Amerikadan we Okeaniýadan 100-e golaý döwletiň wekilleri gatnaşar. Çempionata daşary ýurtlardan jemi 800 türgeniň, 300 tälimçiniň, 45 eminiň we lukmanlaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň 70-siniň hem-de Agyr atletika boýunça halkara federasiýasynyň 100-den gowrak işgäriniň — jemi 1500 adamyň gelmegine garaşylýar. Dünýä birinjiliginde 201 medal: 67 altyn, 67 kümüş we 67 bürünç medallary ugrunda bäsleşikler guralar. Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde 500-e golaý meýletinçi taýýarlanyldy.
28-31-nji oktýabr aralygynda Agyr atletika boýunça halkara federasiýasynyň wekilleriniň, eminler toparynyň, lukmanlaryň hem-de ýaryşlaryň ýerine ýetiriji komitetiniň birnäçe mejlisini geçirmek göz öňünde tutulýar. 31-nji oktýabrda «Sport» myhmanhanasynda Agyr atletika boýunça halkara federasiýasynyň kongresi geçiriler.
Mejlisiň dowamynda Agyr atletika boýunça dünýä birinjiligini köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde beýan etmek boýunça görülýän çäreler türkmen, iňlis we rus dillerinde çempionatyň resmi web-saýtynyň taýýarlanylandygy habar berildi. Mundan başga-da, ýaryşlaryň geçirilýändigi baradaky habarlar «EURONEWS» teleýaýlymy hem-de 145 ýurduň telewideniýesiniň ýaýlymlary boýunça ýaýradylar.
Çempionata gatnaşyjylaryň we guramaçylaryň jemi 5 müňüsi bellige alnar. Meýletinçiler, Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary üçin lybaslar ýurdumyzyň Dokma senagaty ministrligi tarapyndan taýýarlanyldy.
«Berkarar» söwda-dynç alyş merkezinde, «Aşgabat» seýilgähinde we paýtagtymyzyň beýleki künjeklerinde çempionatyň açylyş dabarasyna we ýaryşlara petekleriň satuwy dowam edýär.
Dünýä derejeli ýaryşlaryň açylyş dabarasy mahalynda baýramçylyk çärelerini guramak boýunça Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi hem-de Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan degişli işler geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyny ýokary derejede geçirmek möhüm wezipe bolup durýandygyny aýtdy. Ýaryşlara gatnaşyjylar, myhmanlar we tomaşaçylar üçin iň gowy şertleriň üpjün edilmegi zerurdyr, bu iri sport çäresini dessine beýan etmek üçin ähli çäreleri göz öňünde tutmaly. Watanymyzyň halkara sport giňişliginde abraýynyň has-da belende göterilmegi köp babatda bu çäräniň ýokary derejede geçirilmegine bagly bolar.
Türkmenistan giň gerimli sport baýramçylyklarynyň geçirilýän merkezine öwrülýär, munuň özi milli Liderimiziň alyp barýan syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň, döwletimiziň halkara abraýynyň ýokarlanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
(TDH-niň maglumatlary esasynda taýýarlanyldy).
“Nesil” gazeti,
30.10.2018ý.