ÝURDUMYZYŇ MALIÝE KUWWATY ARTÝAR

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde il-günümiziň durmuş-hal ýagdaýynyň ýylsaýyn ýokarlanmagy ýurdumyzda durmuş-ykdysady syýasatyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň beýanydyr.

Häzirki döwürde Döwlet býujetiniň çykdajylarynyň aglaba böleginiň durmuş ulgamyna goýberilýändigi, şeýle hem ýurdumyzy ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli amala aşyrylýandygy «Döwlet adam üçindir!» diýen syýasatyň iş ýüzünde durmuşa geçýändigini aýdyňlygy bilen subut edýär.

Mälim bolşy ýaly, 2018-nji ýylyň 11 aýynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlanyp geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde milli Liderimiziň belleýşi ýaly, dünýä ykdysadyýetindäki çylşyrymly ýagdaýlara we aýry-aýry pudaklaryň, esasan hem, nebitgaz toplumy bilen bagly işde kemçilikleriň bardygyna garamazdan, biziň milli ykdysadyýetimiz şu ýyl hem ýokary depginli ykdysady ösüşini saklap galmagyna garaşylýar. 2018-nji ýylyň ahyryna çenli esasy makroykdysady görkezijimiz bolan jemi içerki önümiň ösüş depginiň 6,2 göterim bolmagyna garaşylýar. Elbetde bu zatlaryň hemmesi hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak, onuň köpugurlylygyny gazanmak we ýurdumyzyň jemi içerki önüminde nebitgaz däl pudaklaryň tutýan paýyny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Mälim bolşy ýaly, 2018-nji ýylyň 1-nji dekabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň dördünji maslahatynda «Türkmenistanyň 2019-njy ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny şeýle hem «Türkmenistanyň 2017-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda» Türkmenistanyň Mejlisiniň karary kabul edildi.

Täze 2019-njy ýyl üçin Döwlet býujeti kabul edilende hem edil ozalky ýyllarda bolşy ýaly ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça strategiki maksatlardan ugur alyndy. Bu barada döwlet Baştutanymyz 2018-nji ýylyň sentýabr aýynda paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisinde pudaklary yzygiderli ösdürmegiň, ykdysadyýeti diwersifikasiýa etmegiň, halkara we sebit ähmiýetli giň möçberli maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmegiň hasabyna ykdysadyýetiň durnukly ýokary ösüşini saklamagyň 2019-njy ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasynyň baş maksady bolup durýandygyny nygtap geçdi.

Gahryman Arkadagymyzyň amala aşyrýan durmuş syýasaty ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga we adam mümkinçilikleriniň ösüşi üçin şertleri döretmäge gönükdirilendir. Hut şu maksatlardan ugur almak bilen, geljek ýyl üçin işlenip düzülen ýurdumyzyň baş maliýe meýilnamasynda bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, sport, durmuş üpjünçiligi ulgamyna, jemagat hojalygy pudagyna gönükdirilýän serişdeler Döwlet býujetinde agramly bölegi eýelär. Şunuň bilen baglylykda, Döwlet býujetiniň umumy çykdajylarynyň 75-80 göterimden pes bolmadyk böleginiň hasabyna durmuş ulgamyny maliýeleşdirmek göz öňünde tutulýar.

Ýene-de bir zady, ýagny 2019-njy ýyl üçin Döwlet býujetinde hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda, işgärleriň aýlyk haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberleriniň geljek ýylda 10 göterim ýokarlandyrylmagynyň göz öňünde tutulandygyny belläp geçmek bolar.

Täze ýylda döwletimiz ozalkylar ýaly özüniň işjeň maýa goýum syýasatynyň depginlerini ýokary derejede saklamaklygy meýilleşdirýär. Şoňa laýyklykda, obalary özgertmek, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny abadanlaşdyrmak, paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda şähergurluşyk maksatnamalaryny amala aşyrmak, medeni-durmuş, senagat we ulag-aragatnaşyk maksatly wajyp desgalary gurmak üçin ägirt uly maýa goýumlary maliýeleşdirmek üçin serişdeleriň geljek ýylyň Döwlet býujetinde göz öňünde tutulýandygy aýratyn bellärliklidir. Çünki bularyň hemmesi geljek ýylda ýurdumyzyň jemi içerki önüminiň ösüşini üpjün etjek wajyp şertleriniň hatarynda çykyş edýär.

Hormatly Prezidentimiz 2018-nji ýylyň 4-nji dekabrynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde: «Biz 2019-njy ýyl üçin hakyky ýagdaýlardan ugur alyp, oýlanyşykly düzülen Döwlet býujetini kabul etdik. Şeýle hem biziň ýeterlik möçberde serişdeleri bolan Durnuklaşdyryş gaznamyz, köp möçberde döwlet serişdelerimiz bar. Ýöne yhlasly we netijeli işlemegi dowam edip, ýurdumyzyň ykdysadyýetini ýokary depginler bilen ösdürmek zerurdyr» diýip belleýär.

Dogrudan hem, geljek ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasy işlenip düzülende ýurdumyzda we dünýäde bolup geçýän ähli makroykdysady ýagdaýlardan ugur alynmagy onuň üstünlikli berjaý edilmegine özüniň oňyn täsirini ýetirer.

Goý, «Döwlet adam üçindir!» diýen şygary baýdak edinip, halkymyzyň durmuş hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak babatda dünýä nusgalyk işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun! Il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Nurýagdy AÝNAZAROW,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.

“Nesil” gazeti,

13.12.2018ý.

Öňki makala

SPORTLY TÜRKMENISTAN

Indiki makala

ARKADAGLY SAGDYN NESIL

Meňzeş habarlar