16-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) sanly ulgam arkaly geçirilen ylym we tehnologiýalar boýunça ikinji sammitine gatnaşdy.
“Ylym, tehnologiýa we innowasiýalar: täze gözýetimler açylýar” atly onlaýn sammite birnäçe döwletleriň Baştutanlary, bu gurama agza ýurtlaryň ugurdaş ministrlikleriniň we beýleki degişli düzümleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Forumyň gün tertibine ýokarda agzalan ugurlardaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň, 2026-njy ýyla çenli döwür üçin bu ugur boýunça YHG-nyň Maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň meseleleri girizildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşynyň başynda YHG-nyň Baş sekretary doktor Ýusuf Bin Ahmad al-Usaýmine ýokary derejedäki şu duşuşygy gurandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.
Milli Liderimiz sözüni dowam edip, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agzalary bolan ähli döwletler üçin hakyky netijeleri berer ýaly bu hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi.
Birinjiden, düýpli ylmy ösdürmek, netijeli ylmy çözgütleri bilelikde gözlemek, örän möhüm bolan barlag işleriniň netijelerini, aýratyn-da, lukmançylyk we saglygy goraýyş babatda alyşmak üçin usullary döretmek boýunça gatnaşyklary ýola goýmaly.
Ikinjiden, YHG-nyň giňişliginde suw, azyk we ekologiýa howpsuzlygynyň ýeke-täk konsepsiýasyny ýa-da esasy kadalaryny emele getirmek boýunça işleri güýçlendirmegi teklip edýäris. Bu barada 2026-njy ýyla çenli ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk maksatnamasynda anyk aýdylýar. Bu ileri tutulýan ugurda aýratyn konseptual resminamalaryň ýokdugy bize suw serişdeleri, möhüm azyk harytlary bilen barabar üpjünçilik hem-de şol bir wagtda howanyň üýtgemeginiň we ekologiýa heläkçiliginiň ýaramaz netijelerini ýeňip geçmek boýunça bar bolan çylşyrymly soraglary yzygiderli esasda çözmäge mümkinçilik bermeýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Üçünjiden, biz «uly maglumatlar» ulgamyny we howpsuz sanly ykdysadyýetiň bilelikdäki gurluşyny döretmek boýunça ozal kesgitlenen wezipeleriň ähmiýetini bellemek bilen, şu maksatlara ýetmekde üstünlikli işimizi üpjün edýän iki sany aýrylmaz meseläni aýratyn nygtaýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Döwlet Baştutanymyz çykyşynyň ahyrynda duşuşyga gatnaşyjylara ýüzlenip, bu sammitiň biziň döwletlerimiziň ösüşiniň we öňe gitmeginiň bähbidine musulman dünýäsiniň agzybirligini berkitmekde ähmiýetli ädimdigini belledi hem-de hemmelere berk jan saglyk, YHG-ä agza ýurtlaryň halklaryna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çykyşy uly üns bilen diňlenildi.