Türkmenistan — beýik ösüşleriň ýurdy

 Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de möhüm resminamalaryň taslamalarynyň birnäçesine seredildi.

 Milli Liderimiziň 5-nji maýda geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

 Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Owganystan Yslam Respublikasyna bolan iş saparynyň netijeleri, Aşgabatda geçirilen Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-gazak bilelikdäki hökümetara toparynyň mejlisiniň jemleri, Bilelikdäki türkmen-german iş toparynyň ýedinji mejlisine görülýän taýýarlyk, şeýle hem zehinli türkmen ýaşlaryny ýurdumyzyň edaralary üçin ýokary hünärli işgärleriň zerurlygy laýyklykda daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerine ugratmaga görülýän taýýarlyk baradaky hasabatlar diňlenildi.

 Döwlet Baştutanymyza Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy hakynda habar berildi. Bellenilişi ýaly, gaz geçirijisiniň türkmen böleginiň gurluşygy meýilnama laýyklykda alnyp barylýar. Owganystan Yslam Respublikasynyň we Pakistan Yslam Respublikasynyň çäklerinde tehniki işlere badalga berildi.

 Hazarýaka sebitindäki Uzynada meýdançasynda çuň guýyny burawlamak işiniň tamamlanandygy, onuň taslama çuňlugynyň 7150 metre barabardygy barada habar berildi. 6689 — 6695 metr aralygynda “mawy ýangyjyň” senagat akymy alyndy. Deslapky hasaplamalara görä, guýynyň önümliligi gije-gündiziň dowamynda 500 müň kub metr mawy ýangyja we 150 tonna gaz kondensatyna barabardyr. Munuň özi Hazarýaka zolagynyň we deňiz ýalpaklarynyň ägirt uly mümkinçiliklerini, ýurdumyzyň nebite we gaza baý ýataklarynyň bardygyny tassyk edýär.

 “Sarahs” barlag-geçiriş bölüminde Tejen derýasynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň gurluşygy, umumy uzynlygy 242 kilometr bolan Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhetýaka awtomobil ýolunyň gurluşygy boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler hakyndaky hasabatlar diňlenildi.

Milli Liderimiz Hazaryň kenarýaka zolagynyň topragyny arassalamak boýunça taýýarlanylan taslama oňyn baha berdi. Muny “Gazyk” hususy kärhanasyndan, “Hazarbalyk” açyk paýdarlar jemgyýetinden we Beýik Britaniýanyň “Global Ekolojikal Wençers” kompaniýasyndan ybarat konsorsium amala aşyrar.

 Döwlet Baştutanymyz şu ýylyň 10-njy iýunyndan 10-njy sentýabryna çenli Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2017” halkara ýöriteleşdirilen gözden geçirilişinde milli sergimiziň şygary hökmünde “Tebigat — energiýanyň üznüksiz çeşmesi” diýen jümläni, şeýle hem nyşanlaryň görnüşleriniň birini tassyklady.

 Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda 20-21-nji iýulynda ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň çäklerinde süýji keseliniň meseleleri boýunça sebitleýin maslahaty geçirmek hakyndaky teklip gollanyldy. Ýewropa sebitinde gyzzyrmanyň gaýtalamagynyň mümkinçiliginiň öňüni almak boýunça Aşgabat Jarnamasynyň gol çekilmegine ygtyýar berip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow saglygy goramak we öňüni alyş çärelerini güýçlendirmek, meýilnamalaýyn immunizasiýa geçirmek babatda halkara ülňüleriniň üpjün edilmegi boýunça mundan beýläk-de zerur işleriň alnyp barylmagynyň zerurdygyny belledi. Mälim bolşy ýaly, 2010-njy ýylda Türkmenistan gyzzyrmadan azat ýurt hökmünde ykrar edildi. Munuň özi BSGG-niň ýörite güwänamasy bilen resmi taýdan tassyklandy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ilatyň saglygyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde Ahal we Lebap welaýatlarynda döwrebap şypahanalary gurmagy tabşyrdy.

“Nesil” gazeti,

09.05.2017ý.

Meňzeş habarlar