Türkmenistan-Özbegistan: dostluk köprüsi pugtalanýar

19-20-nji maýda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti iş sapary bilen Türkmenistanda boldy. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda iki dostlukly döwletiň Baştutanlarynyň arasynda geçirilen ýokary derejedäki gepleşikler netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we giňeltmäge çalşylýandygynyň hem-de uly gyzyklanma bildirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Bu hyzmatdaşlygyň esasyny dostluk gatnaşyklary, özara bähbitli hem-de deňhukukly hyzmatdaşlygyň ýörelgeleri düzýär.

 20-nji maýda “Awaza” Kongresler merkezinde hormatly Prezidentimiz özbek kärdeşi bilen ikiçäk görnüşde gepleşikleri geçirdi.

Hazaryň türkmen kenarynda döredilen döwrebap deňiz şypahanasynyň köpugurly mümkinçilikleri barada aýtmak bilen, häzirki wagtda bu ýerde özbek çagalarynyň hem dynç alýandygyny bellän hormatly Prezidentimiz özbek dostlaryny Awaza gelip görmäge çagyrdy.

 Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň bu sebitinde ulag düzümi işjeň ösdürilýär. Bu ulgamda amala aşyrylýan çäreler ulag-üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegine, ýük akymlarynyň möçberleriniň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna hem-de artdyrylmagyna gönükdirilendir, munuň özi türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine ýardam berer, ep-esli ykdysady peýda getirer.

 Prezident Şawkat Mirziýoýew milli Liderimize ýaş özbegistanlylaryň dynç almagy üçin döredilen ajaýyp şertler üçin hoşallyk bildirdi. Olar häzirki wagtda myhmansöýer “Awazada” uly şatlyk duýgusy bilen dynç alýarlar.

Prezident Şawkat Mirziýoýew ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine ýokary baha bermek bilen, türkmen Lideriniň türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň düzüm bölegini düzýän ulag geçelgeleriniň döredilmegine goşýan goşandyny aýratyn nygtady, munuň özi iki ýurduň mundan beýläk-de ykdysady ösüşi üçin giň mümkinçilikleri açýar.

 Özara düşünişmek we ynanyşmak hem-de işjeň ýagdaýda geçen gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň we Özbegistanyň Baştutanlary ileri tutulýan ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, ozal gazanylan ylalaşyklary, şol sanda özbek Lideriniň şu ýylyň mart aýynda ýurdumyza bolan döwlet saparynyň barşynda gol çekilen resminamalarda berkidilen ylalaşyklary durmuşa geçirmäge aýratyn üns berildi.

 Söhbetdeşler Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň netijeli syýasy gatnaşyklara ygrarlydyklaryny tassyklap, hyzmatdaşlygyň uly kuwwatynyň bardygyny bellediler. Munuň özi netijeli söwda-ykdysady we işewür gatnaşyklary giňeltmek, täze bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak hem-de netijeli medeni-ynsanperwer gatnaşyklary baýlaşdyrmak üçin amatly şertleri döredýär.

Duşuşygyň çäklerinde taraplar şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara syýasatyň möhüm meseleleriniň birnäçesi boýunça pikir alyşdylar.

 Soňra gepleşikler iki ýurduň hökümet wekiliýetleriniň gatnaşmagynda dowam etdirildi.

Giňişleýin düzümde gepleşikler tamamlanandan soň, ikitaraplaýyn möhüm resminamalara gol çekildi.

Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soň, iki ýurduň Liderleri köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş edip, gepleşikleriň üstünlikli we iňňän netijeli bolandygy, gelnen ylalaşyklaryň diňe iki dostlukly ýurduň däl, eýsem tutuş sebitiň hem abadançylygyny we gülläp ösüşini üpjün etmäge gönükdirilendigi barada aýtdylar.

“Nesil” gazeti,

23.05.2017ý.

Meňzeş habarlar