DOST-DOGANLYK AÝDYMLARY

“Halkara Bitaraplyk güni” mynasybetli ýurdumyzyň belent ösüşlerini, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatyny wasp edýän aýdymlary şeýle-de Türkmenistan döwletimiziň halkara derejesinde dost-doganlykda gatnaşýan döwletleriniň nusgalyk aýdymlaryny çeperçilik bilen ýerine ýetirmek maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Tagtabazar etrap Geňeşi, etrap medeniýet bölümi bilen bilelikde medeniýet merkezinde işleýän hem-de höwesjeñ aýdymçylaryň gatnaşmagynda  etrabyň Medeniýet öýünde  “Dost-Doganlyk aýdymlary” atly döredijilik bäsleşigi geçirildi.

Bäsleşikde 1-nji orna Baýraç oba medeniýet öýüniň höwesjeň aýdymçysy Ýusup Şiriýew, 2-nji orna Beden oba medeniýet öýüniň höwesjeň aýdymçysy Döwran Saparow, 3-nji orna Marçak oba medeniýet öýüniň hem-de Pendi oba medeniýet öýüniň höwesjeň aýdymçylary Meýlis Akmämmedow, Ogulgözel Şahymowa mynasyp boldylar. Ýeňijilere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Tagtabazar etrap Geňeşi tarapyndan hormat hatlary gowşuryldy.

 

Maral SEÝITJANOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň

Tagtabazar etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

13 Sentýabr 2025 | 103 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

11 Sentýabr 2025 | 48 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI